logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Alymlar: «Plastiki zibilleri tebigy taýdan ýok edip bileris!»
  12.10.2022
1512
Alymlar: «Plastiki zibilleri tebigy taýdan ýok edip bileris!»

Häzirki wagtda döwrümiziň iň uly howplaryndan biri bolan plastik galyndylara garşy täze çözgütler yzygiderli işlenip düzülýän hem bolsa, golaýda alymlar täze usulyň üstüni açdylar. Alymlar tebigata zyňlan plastmassany tebigy taýdan ýitip gitmegine sebäp bolup biljek uly açyş etdiler.

«Nature» žurnalynda çap edilen gözleglere görä, «balmumy gurçugy» tebigatdaky plastmassany tebigy taýdan ýok edilip biler. Alymlaryň pikiriçe, bu gurçuk görnüşlerinden tapylan käbir fermentler, köp plastmassa önümlerinde giňden ulanylýan «polietileniň» otag temperaturasynda birnäçe sagadyň içinde ýok edilmegini üpjün edýär. Torbalarda we gaplamalarda ulanylýan polietileni ýok etjek bu fermentler tötänleýin tapyldy. Bu gurçuklar plastik galyndylaryna goýulsa, olary deşik-deşik edip iýýär we tebigy taýdan ýok edýär.

Belläp geçsek, «balmumy gurçugy» plastmassany ýok edip bilýän ilkinji jandarlar hökmünde taryha girmedi. Alymlar 2016-njy ýylda Ýaponiýada poliesteri ýok edip bilýän bakteriýany tapypdylar şeýle hem 2021-nji ýylda ummanda we toprakda ýaşaýan we plastmassany siňdirmek üçin ösen käbir mikroblar we bakteriýalar ýüze çykaryldy.

 

Batyr ALLAKOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň 
Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy 
hünäriniň 4-nji ýyl talyby.