logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /ALABAÝ ITLERI ÜÇIN DÖWREBAP DESGALAR TOPLUMY
  19.09.2019
4323
ALABAÝ ITLERI ÜÇIN DÖWREBAP DESGALAR TOPLUMY

    Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde alabaý itlerini ösdürip ýetişdirýän “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk toýunyň dabaralaryna baý öwüşgin goşan bu waka welaýatyň uludan kiçä ähli ilatynyň şatlygyna şatlyk goşdy.

    “Senagat” Paýdarlar täjirçilik bankynyň buýurmasy esasynda gurlan binalar toplumy 1 gektar meýdany eýeleýär. Onuň çäginde türkmeniň alabaý itlerini ylmy esasda  ösdürip ýetişdirmek üçin ähli zerur şertler göz öňüne tutulypdyr. Ol ýerde itler nahar taýýarlaýan, suwa düşülýän arassaçylyk otaglary, weterinar gulluk binasy, itleri gezdirmek we türgenleşdirmek üçin üsti ýapyk meýdança, tehniki, hojalyk we ammar binalary bolup, olar ýokary derejede enjamlaşdyrylandyr.

     Alabaý itlerini ösdürip ýetişdirýän hojalyk jemgyýetiniň häzirki zaman binalar toplumynyň desgalarynda uly itleriň 40-sy, kiçi itleriň 30-sy üçin ýerler göz öňüne tutulypdyr. 

    Dabara gatnaşyjylar toplumyň çägindäki desgalar bilen içgin tanyşdylar we onuň giň mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler. Olar  milli buýsanjymyz bolan alabaý itlerini ylmy esasda öwrenmek ugrundaky tagallalar üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.