logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦
Home / Economics /AK MERMERLI AŞGABAT
  24.05.2020
1091
AK MERMERLI AŞGABAT

       Ata-babalarymyzyň köňüllerinde besläp gelen arzuw-umytlary sözüň hakyky manysynda amala aşyrylýar. Paýtagtymyzyň şanyna täze baýram – Aşgabat şäheriniň gününi döredildi. Bu baýram Aşgabadyň hakyky keşbini öz elleri bilen döredýän paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň, watandaşlarymyzyň ählisiniň baýramydyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapan oňyn özgertmeleriň gerimini äşgär edýär. Halkara hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan Aşgabat myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylykly döredijiligiň, ynsanperwerligiň mekanydyr. Amala aşyrylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň syýasy, durmuş ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Paýtagtymyzda halkara derejesindäki möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertlere eýe bolan häzirkizaman binalarynyň gurulmagy şäheriň keşbiniň şu günki aýratynlygydyr. Häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň durnukly ösýän şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabady ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň baş meýilnamasyna laýyklykda, gysga döwürde paýtagtymyzda kaşaň we ajaýyp binalaryň ençemesi guruldy we şäheriň çäkleri has-da giňeldildi. Şol belent ymaratlar baş şäherimiziň görküni has-da artdyrdy we türkmen paýtagty ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri bolup, ak mermerli paýtagtymyz häzirki zaman we milli binagärçilik sungatynyň  özboluşly sazlaşygy esasynda gurlup, üýtgeşik binalary bilen hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalaryna yzygiderli gözegçilik edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzy bezeýän ajaýyp binagärlik toplumlary, yzygiderli gurulýan edara binalary, senagat kärhanalary, zawodlar, banklar, söwda merkezleri, köp ýyldyzly myhmanhanalar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň görkezijileridir. Aşgabadyň ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalary, ylmy-barlag institutlary we merkezleri, medeniýet köşkleri bolsa halkyň medeni-ruhy derejesini görkezýändir. Häzirkizaman sport desgalary bilen bolsa Aşgabat sebitiň iri sport merkezine, dünýäniň iri sport çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Muňa mysal edip 2017-nji ýylda geçirilen V Aziýa oýunlaryny belläp geçmek ýerlikli bolar. Soňky ýyllarda Aşgabadyň iri işewürlik, medeni we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrülmegi ýokarda aýdylanlaryň doly şaýadydyr.