Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen ýaş tennisçileri Manamada geçirilen sebit ýaryşynda öňdebaryjy oruny eýelediler ✦ ✦ Edebi eserlerden peýdalanyp çagalara matematiki düşünjäni öwretmek ✦ ✦ Bahar - ýaşlygyň we ýaşaýşyň pasly ✦ ✦ Moskwada ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Ýaşlar bilen zähmet bazarynda üstünlik gazanmak boýunça duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Geodeziýa boýunça V internet-olimpiada geçirilýär ✦ ✦ Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Halkara hukugynyň ýylyna taýýarlyk boýunça ilkinji maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmen kinosynyň wekilleri Ankara şäherinde geçirilen halkara medeni dabarada sylaglandy ✦ ✦ Ženewada BMG-niň ÝYK-niň Içerki ulag boýunça komitetiniň 88-nji mejlisi öz işine başlady ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ak bugdaýyň mekanydyr Watanym
  07.07.2020
808
Ak bugdaýyň mekanydyr Watanym

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda  Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz ösüşlerden-ösüşlere barýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallasy bilen oba hojalygynda hem amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler gowy netijeleri berýär. Şolaryň netijesinde merdana daýhanlarymyz ýylyň-ýylyna bereketli topragymyzdan oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Daýhanlarymyzyň netijeli zähmet çekmekleri, türkmen topragyndan ýokary hasyl almaklary üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Ýurdumyzda tarp ýerler yzygiderli özleşdirilýär, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça oňyn çäreler durmuşa geçirilýär. Obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna uly möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy ak bugdaýyň bol hasylyny almagyň özeni bolup durýar. Türkmende uly iliň soltany bolan ak bugdaýyň bereketli tohumyny ekip, azyk bolçulygyny döretmek işi uly sogap hasaplanylýar. Şu ýyl 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak ak bugdaýymyz Watan harmanyna tabşyryldy. Munuň özi ykbalyny ene topraga baglan jepakeş daýhanlarymyzyň yhlasynyň miwesidir. Halkymyzyň halal  zähmet ýörelgesi, daýhançylyk däpleri ýaş nesli terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar, ömrüň manysynyň, durmuşyň şatlygynyň ene ýere, il-güne hyzmat etmekdedigine düşünýän adam döwlet tapýandyr.