logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Economics /Ak altyna idegler talabalaýyk ýerine ýetirilýär
  06.07.2020
828
Ak altyna idegler talabalaýyk ýerine ýetirilýär

    Berkerar döwletiň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda kärendeçi daýhanlarymyzyň ýerden bol hasyl almagynda hem-de önjeýli zähmet çekmeklerinde uly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň pagtaçy kärendeçileri hem özleriniň yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Şu ýyl etrap boýunça 18 müň 500 gektar meýdanda gowaça hasylyny ekip, ak altynyň 35 müň 730 tonnasyny watan harmanyna tabşyrmaklygy meýilleşdirýän kärendeçi babadaýhanlar şu günler gowaça meýdanlaryna ideg etmek boýunça işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barmakda öz yhlaslaryny görkezýärler.

     Her bir çäräniň agrotehniki möhletlerde alyp barylmagynyň wajypdygyna oňat düşünýän pagtaçy kärendeçiler ekine karbamid, selitra ýaly azotly dökünleri bermek işine aýratyn jogapkärçilikli çemeleşýärler. Etrabyň zähmetsöýer daýhanlary gowaça meýdanlarynda dördünji hatarara bejeriş işlerini, üçünji otag işlerini, ikinji, üçünji ösüş suwlaryny tutmak zyýankeşlere garşy dürli dermanlary bermek işlerini geçirmek ýaly agrotehniki çäreleri hem ünsden düşürmeýärler. Häzirki döwürde ikinji iýmitlendirme işleri geçirilýär. Etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasy döwlet tarapyndan daşary ýurtlardan  satyn alyp beren kuwwatly tehnikalary saz we bökdençsiz erk edip bejergi işlerinde pagtaçylara uly ýardam berýärler. Etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem pagtaçy kärendeçiler bilen ýakyndan aragatnaşyk saklap olaryň armasyny ýetirýärler. Gyzgalaňly günlerde özlerine döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanýan pagtaçy kärendeçileriň çekýän yhlasly zähmeti watan harmanyna ak altynyň bol hasylyny tabşyrmaklygyň hötdesinden geljekdikleri aýdyňlygy bilen duýulýar.