Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bilim ulgamy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Ýaşyl» ykdysadyýet — sazlaşykly ösüş ✦ ✦ “Işe girmegiň ýollary” atly 3 aýlyk tölegsiz okuw – iş tapmaga täze mümkinçilik ✦ ✦ «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edildi! ✦ ✦ Hakyda siňen halypa ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar ✦ ✦ Bedewler - türkmen halkynyň mertebesi ✦ ✦ Geçirilen okuw-usuly maslahatda tebigy we taryhy medeni ýadygärlikleri VR – AR görnüşine geçirmek işi tanyşdyryldy ✦ ✦ Astrahanda Magtymguly Pyragynyň muzeýi açyldy ✦ ✦ Gözlegçiler bakteriýalary 120 nanometr giňişlikde görmegi başardylar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Ajaýyp binagärlik taslamasy
  26.03.2024
112
Ajaýyp binagärlik taslamasy

Ýurdumyzda hereket edýän we ýokary derejeli hünärmenleri, bakalawrlary taýýarlaýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygy häzirki wagtda gyzgalaňly derejede alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda bina ediljek Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak, ozal bar bolan inženerçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de täzelerini gurmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasyna tabşyryldy. Institutyň binalar toplumyny gurmak dünýä şähergurluşyk meýillerini hasaba almak bilen amala aşyrylar, gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri giňden peýdalanylar, onuň ulanylmaga berilmegi pudaklaýyn bilim ulgamyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikler açýar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, ýurdumyzyň hem-de dünýä ylmynyň, maglumat tehnologiýalarynyň ýokary gazananlaryny işjeň peýdalanmaga, ylmy-barlag işlerini has-da giňeltmäge mümkinçilik berer. Hormatly Prezidentimiz taryhy wakanyň dowamynda «Gurluşykçy, binagär ýaşlarymyz berkarar Watanymyzyň çar künjeginde beýik binalary, köprüleri, ýollary gurýarlar. Olar ak arzuwlar bilen ýurdumyzy has gözel görnüşe getirýärler. Şoňa görä-de, binagärlik-gurluşyk boýunça hünärleri kämilleşdirmek möhüm bolup durýar» diýip, geljekki binagärlere, gurluşykçylara uly ynam bildirýändigini belledi. Öňdebaryjy dünýä tejribelerini nazara alyp bina ediljek bu ýokary okuw mekdebinde ýene-de sanlyja ýyldan talyplara häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim berler. 

 

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda döredilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty binagärlik-gurluşyk, jemagat hojalygy, himiýa, energetika, senagat we ýol-ulag pudaklaryny inžener işgärleri bilen üpjün edip, häzirki wagtda institutda 7 fakultet, 26 kafedra hereket edýär. Institutda 9 ugur we 29 hünär ugry boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. 2023-2024-nji okuw ýylynda bolsa hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda institutda ýurdumyzyň binagärlik, senagat we ýol gurluşygy ulgamlarynyň günsaýyn ösmegi netijesinde durmuş hem-de iri senagat maksatly döwrebap binalaryň, desgalaryň toplumynyň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, bu binalaryň we desgalaryň tebigy hadysalara, adatdan daşary ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, olarda şeýle ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni almak hem-de raýat goranyşy çygrynda ýokary bilimli harby hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, raýat goranyşy fakulteti, gurluşyk işlerinde raýat goranyşy, himiýa senagatynyň howpsuzlygy kafedralary açyldy. Ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda işleýän işgärleriň hünär-bilim derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, institutda hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti hem hereket edýär. Bilelikde ylmy-barlag, taslama, tejribe-konstruktorçylyk işlerini geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ylmy-barlag edaralarynda institutyň binýatlyk kafedralary hereket edýär.  

 

Süleýman AGAÝEW, 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.