logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Sports /Ahal welaýatynda çagalaryň gatnaşmagynda sport çäresi geçirildi
  17.01.2026
1642
Ahal welaýatynda çagalaryň gatnaşmagynda sport çäresi geçirildi

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginde ýerleşýän Sport mekdebiniň meýdançasynda çagalaryň futbol festiwaly geçirildi. Onlarça ýaş türgeni özünde jemlän bu sport çäresiTürkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan Sport mekdebiniň ýolbaşçylygy bilen bilelikde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

 

Festiwalyň maksatnamasy işjeň we mazmunly bolup, onuň çäklerinde ýaş futbolçylar türgenleşik hem-de oýun sapaklaryna gatnaşdylar. Tälimçiler topa erk etmek, duýgurlyk, hereketleriň utgaşyklygy we toparlaýyn işlemek ukyplaryny ösdürmäge aýratyn üns berdiler. Çäräniň görnüşi çagalara diňe bir öz ukyplaryny görkezmäge däl, eýsem hünärmenlerden gymmatly maslahatlary almaga-da mümkinçilik berdi.

 

Festiwalyň ahyrynda dabaraly sylaglama çäreleri geçirildi. Oňa gatnaşan çagalaryň ählisine Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan futbol topy sowgat berildi.

 

Şeýle ýaly çäreler eýýäm asylly däbe öwrüldi: mundan ozal futbol festiwallary paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen sport mekdeplerinde, Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginde, «Olimp» sport mekdebinde we Türkmenistanyň IIM-niň «Köpetdag» köpugurly sport toplumynda üstünlikli geçirilipdi.

 

Guramaçylar şeýle çäreleriň köpçülikleýin sporty wagyz etmekde esasy orun eýeleýändigini we geljekde milli ýygyndy toparlaryň hataryny dolduryp biljek zehinli oýunçylary irki döwürde ýüze çykarmaga kömek edýändigini belleýärler.

 

Myrat YLÝASOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.