Ahal welaýatynyň bagtyýar ilaty Gurban baýramyny milli öwüşginli dabaralara besläp, uludan belleýärler. Welaýatyň her bir oba maşgala ojaklarynda toý gazanlar giňden atarylýar, bereketli saçaklar ýazylýar, birek-birege hödür-kerem edilýär. Ilatly nokatlarda ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly dabaralar we medeni çäreleriň geçirilýän ýerinde gurnalan hiňňildikler aýratyn köp adamlydyr.
Baýramçylyk gününde welaýat merkezinde şowhunly dabaralaryň birnäçesi geçirildi. Külli musulmanlaryň mukaddes baýramy mynasybetly Änew şäherindäki Mukaddeslik meýdançasynda bolan baýramçylyk dabarasy has-da täsirli duýgulara peşgeş berdi. Welaýat häkimligi, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary we Medeniýet müdirligi tarapyndan guralan bu dabaranyň mähellesi ýetik boldy. Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlaryň, oba zähmetkeşleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýerli ýaşaýjylarynyň, ak sakgally gojalaryň, kümüş saçly mährem eneleriň, şeýle-de körpeler nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda geçen bu dabarada ähliniň ýüzünden baky bagtyýarlygy, ajaýyp zamanamyzy peşgeş berendigi, milli däp-dessurlarymyzy, adatlarymyzy berjaý etmäge we täzeçe öwüşginde baýlaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanç alamatlaryny duýmak juda ýakymly boldy.
Dabara üçin niýetlenen, birkemsiz bezelen sahnada ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlary synlamak we diňlemek toýçy märekäniň şatlygyna şatlyk goşdy. Welaýatyň medeniýet, sungat we sahna ussatlarynyň baýramçylyk aýdym-sazlarynda, tans-halk döredijilik çykyşlarynda milli toýlarymyzy uludan toýlamaga giň ýol açan Arkadag Prezidentimiziň belent tutumlarynyň, ösüş-özgertmelere beslenen ata Watanymyzyň, dost-doganlygyň waspy ýetirildi. Joşgunly çykyşlaryň her biri toýçy märeke tarapyndan dowamly el çarpmalar bilen gyzgyn garşylandy.
Türkmeniň alty ganat milli ak öýleriniň töweregindäki tomaşalar milli öwüşginliligi bil;en uly gyzyklanma döretdi. Ol ýerde milli tagamlar bişirildi, bereketli supralar bezeldi, birek-birege datly nygmatlardyr tagamlardan hödür-kerem edildi. Dürli mazmunly sergiler guraldy, sportuň milli görnüşleri boýunça ýaryşlara orun berildi. Hatar guran bezemen heňňilliklerde ýaşlar bat alyp uçdy. Milli ruha eýlenen baý many-mazmunly tomaşalar toýçy märekä juda ýakymly duýgulary peşgeş berdi.