Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Arkadag şäherinde «TESC-2024» atly halkara ylmy maslahat geçiriler ✦ ✦ Türkmen maşgalasynda edep-terbiýäniň berilmeginde psihologik tilsimleriň orny ✦ ✦ Goşa mukaddeslige guwanç ✦ ✦ THE Asia University Ranking 2024-iň sanawyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 11-si girdi ✦ ✦ "Türkmen-türk" doganlygy sergisi geçirildi ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň nobatdaky sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Bäherden etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan täze enjamlar gowşuryldy ✦ ✦ Saglyk üçin peýdaly maslahatlar ✦ ✦ Ýurdumyzyň gury ýük gämileriniň sany artar ✦ ✦ Kiberhowpsuzlygyň aýratynlyklary ✦
Baş sahypa / Sport /Agzybirlikde saglygy gaznalyň!
  04.04.2020
453
Agzybirlikde saglygy gaznalyň!

       Türkmen agasy her bir işe başlanynda akyla, nakla öwrülip giden sözleri gaýtalamagy endik edinendir. Hemmämiziň bilşimiz ýaly gyş möwsüminiň ahyrynda, ýaz paslynyň başyndaky sepgidi ata-babalarmyz  “Ýogynyň inçelip, inçäniň üzülýän möwsümi” diýip, atlandyrypdyrlar. Beýle diýilmegine dürli döwürlerde ýaşaýyş şertleriniň we azak üpçinçiliginiň sebäp bolanlygy anyk. Muňa garamazdan bu günki gün ýylyň dört paslynda hem halk köpçiligine hyzmat etýän söwda merkezlerinde, bazarlarmyzda gök önimileri amatly bahadan almak mümkinçiligi bar. Aýratyn bellenilmeli ýagdaý hem gök önimler indi ýurdymyzyň ähli welaýatlarynda ýörüte ýyladyşhanalarda ýetişdirilýär. “Görk  agyzdan” diýýän atalar sözünden ugyr alsak munyň özi halkyň sagdyn, bolelin we ajaýyp durmyşda adamlaryň sagdyn ýaşamaklygy  üçin edýän aladalarynyň  aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda ylmyň ýeten derejelerini gözöňine tutyp, türkmen lukmanlary howanyň çalyşmagy bilen şu möwsümde döreýän dümewlerden goranmaklygy maslahat berýärler. Mümkin boldygyça ter azayk önimlerini iýmeklik maslahat berilýär. Häzirki günlerde dünýä ýüzinde köpçülikleýin ýaýraýan keselleriň öňüni almak maksady bilen bütin adamzat ýaşaýyşyndan esasy talap edilýän ýagdaýlaryň ýene biri arassaçylykdyr. Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmagy endik ediniň we bu ýagdaýy çagalaryňyzdanam talap ediň. Mümkin boldygyça dümöwlän adamy aýratyn otagda saklamaly, dümewi maşgala agzalarynyň beýlekilerine ýokuşmazlygy üçin, näsag adamyň gap-gaçlary aýratyn bolmaly. Hemem ýygy-ýygydan ýüzärlik tütedilip durylmaly. Ýüzärligiň bejeriş aýratynlygy dogrysynda “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynda has açyk aýdyň görkezilen.  Naharyň gapdalyndan gök önimler bilen sarymsak iýmegi maslahat berýäris. Aslynda sarymsak sözi, Serim sak, ýagny sagdyn, serim sag diýen manyny berýär. Dogry iýmitlenmek, ukynyň kadalylygy, arssaçylyk  adamzat  saglygynyň özenidir.  Mundan başgada bedenňiziň gyzgynlygy ýokarlanyp, öziňizi binjalyk edýän ýagdaýlar ýüze çykanda, özbaşdak hereket edip, lukmanlara salgylanmazdan derman serişdeleri ulanmakdan saklanyň. Çünki ýurt derejesinde alnyp barylýan işleri hut siziň, halkyň saglygynyň aladasynyň ugrynda alnyp barylýanlygyny unutmaň. Ýenede atalar sözünden ugyr alsak herkimiň derdiniň dermany öz topragyndamyş. Hawwa goraýyş häsýetine eýe bolan ýüzärlik hem sarymsak türkmen tebigatynda bitýän öümliklerdir. Tebigatyň eçilen, Allanyň rysk eden zady nähoşlana derman bolsun. Maşgalaňyz abat bolsun. Gowy günlerde, toýly günlerde, saglykda görşeliň.