2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda Gökdepe etrabynyň çäginde hususy bölege degişli agrosenagat toplumynyň düýbi tutuldy. Ýurdumyzyň her bir welaýatynda iri un üweýän kärhanalar, maldarçylyk, guşçulyk we ýyladyşhana toplumlary guruldy. Şolarda öňdebaryjy tejribe özleşdirilýär we häzirki zaman tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. Azyk harytlarynyň giň görnüşlerini öndürýän kärhаnalaryň onlarçasy guruldy. Şunuň ýaly giň möçberli işlere ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Olar bu pudaklarda iri maýa goýum taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler. Gurluşygyna badalga berilen agrosenagat toplumyny “Sowuk göz” hojalyk jemgyýeti bina eder. Ol 220 gektar meýdanda ýerleşdiriler. Geljekde, bu ýerde içerki we daşarky bazarlara ugratmaga niýetlenen oba hojalyk önümleriniň önümçiligi hem-de olary gaýtadan işlemek, şeýle hem, et we balyk önümleri dünýä belli türkmen çakyrlarynyň dürli görnüşlerini we beýlekileri öndürmek hem-de ýerlemek göz öňünde tutulýar. Et önümleri kärhanasy toplumyň esasy desgalarynyň biri bolup, ýylda gara mallaryň we dowarlaryň etiniň 360 müň tonnasynyň önümçiligine niýetlenendir. Bu ýerde ýokary hilli et önümleri öndüriler. Bu bolsa dünýäniň degişli ulgamlarynda uly islegden peýdalanýan önümleriň eksport ugruny ýola goýmaga mümkinçilik berer. Balyk köpeltmäge we gaýtadan işlemäge niýetlenen ýapyk görnüşdäki balyk kärhanasy hem enjamlaşdyrylyş taýdan tapawutlanýar. Onuň taslama kuwwaty ýylda dürli görnüşli balyklaryň 240 tonnasynyň önümçiligine niýetlenendir. Onuň düzüminde balyklary ösdürmegiň ähli ugurlaryny üpjün etmäge niýetlenen doly enjamlaşdyrylan bölüm, olary arassalaýan ulgam bolup, ýarym taýýar önümler bu ýerden gaýtadan işlemäge we kakadylan bölüme ugradylar.Toplumyň desgalarynyň hatarynda çakyr kärhanasy-da bar. Onuň kuwwaty ýylda 5 müň tonna üzümi gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Dürli görnüşli üzümleri ösdürip ýetişdirmek Gökdepe etrabynyň çäginde “Sowuk göz” hojalyk jemgyýetine degişli bolan 520 gektar meýdanda amala aşyrylar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň çakyr öndürijileri üzümiň “Terbaş”, “Gara üzüm” ýaly görnüşlerinden çakyry taýýarlaýarlar. Çakyr önümleriniň önümçiligi boýunça nobatdaky kärhananyň ulanmaga berilmegi hem-de onuň önümleriniň görnüşleriniň köp bolmagy sebitde üzümdarçylygyň ösdürilmegini şertlendirer. Şeýle hem bu ýerde häzirki zaman enjamlary we sowadyjy kameralar bilen üpjün edilen ammarlar ýerleşer. Agrosenagat toplumynyň çäginde gurulýan şeýle desga birbada 38 müň tonna önüm saklamaga niýetlenendir. Ondaky önümler ýylyň tutuş dowamynda degişli harytlyk görnüşinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bazarlaryna ugradylar. Önüm saklamagyň döwrebap ulgamy, haryt dolanyşygynyň degişli derejede dolandyrylmagy paýtagtymyzyň we Ahal welaýatynyň bazarlaryny, söwda toplumlaryny dürli görüşli önümler bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin ähmiýeti bolan logistik hyzmatlaryň derejesiniň ýokarlanmagy, sebitde haryt dolanyşygynyň möçberiniň artmagyny, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegini, önümleri daşamaga sarp edilýän wagtyň gysgaldylmagyny we onuň degişli derejede saklanmagyny üpjün edýär. Toplumyň ýene bir desgasy ýerli gök we bakja önümleri hem-de miweleri gaýtadan işlemäge we olary gaplamaga niýetlenen kärhanadyr. Bu ýerde mürepbeleriň, miwe suwlarynyň, şerbetleriň, duzlanan önümleriň we beýleki ir-iýmişleriň önümçiligi meýilleşdirilýär. Bu ýerde barlaghana bolup, onda gök we bakja önümleriniň hiline barlag geçiriler we olar barlagdan soň ýörite niýetlenen gaplarda söwda bazarlaryna ugradylar. Şeýle hem toplumyň çäginde öndürilýän önümleri gaplamak üçin plastik we karton gaplarynyň önümçiliginiň ýola goýuljakdygyny bellemeli. Toplumyň çäginde umumy meýdany 70 gektara barabar bolan 4 sany döwrebap ýyladyşhanalar halkyň ösen islegini kanagatlandyrmaga niýetlenendir. Ýörite enjamlar ýyladyşhanada degişli howa ýagdaýyny, ýagtylygy, çyglylygy, topragyň ýokumly serişdeler bilen baýlaşdyrylmagyny üpjün eder. Ekiniň has hasylly görnüşleri şunuň ýaly şertlerde ýylyň ähli döwründe bol hasyl öndürmäge, gök önümleriň bolçulygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer. 20 gektar ýerde limon ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem 70 gektarda pomidor, 10 gektarda hyýar we 20 gektar meýdanda bolsa dürli hili gök we bakja ekinleri ösdürilip ýetişdiriler. Mundan başga-da, ýyladyşhanalarda we açyk meýdanlarda ekmäge niýetlenen dürli tohumlar we nahallar 10 gektar meýdanda ösdürilip ýetişdiriler. Täze agrosenagat toplumynyň ähli kuwwatlyklaryny herekete girizmek maksady bilen, daýhanlar we telekeçiler bilen şertnamalar baglaşmak meýilleşdirilýär. Olara oba hojalyk maksatly ýer gaznasyndan ýer bölekleri bölünip berildi. Toplumynyň çäginde weterinariýa, lukmançylyk gulluklarynyň hünärmenleriniň, şeýle hem barlaghana merkeziniň we bank şahamçasynyň işi üçin ýörite desgany bina etmek meýilleşdirlýär. Bu ýerde söwda merkezi, şeýle hem ulaglaryň 500-sine niýetlenen duralga gurlar. Döwrebap, iri agrosenagat toplumynyň ähmiýeti we onuň enjamlaşdyrylyşy häzirki döwürde hil taýdan tehnologiýa derejede zähmet öndürijiliginiň we türkmen daýhanlarynyň, maldarlarynyň şöhratly ýörelgeleriniň ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüler. Önümçiliginiň möçberini we onuň girdejililigini artdyrmak üçin täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýan telekejilere möhüm orun degişlidir. Häzirki döwürde hususy pudak milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda möhüm orun eýeläp, ol birnäçe pudaklaryň hil taýdan täze derejä çykmagyna goşandyny goşýar. Daşary ýurtlaryň önüm öndürijileri bilen mynasyp bäsleşik etmäge ukyply kärhanalaryň we önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy babatda möhüm wezipeleriň mundan beýläk-de üstünlikli çözülmegine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine wajyp orun degişlidir.