Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ "Elektrik Maşynlary" boýunça açyk internet olimpiadasy başlaýar ✦ ✦ Saglyk - iň gymmatly baýlyk ✦ ✦ Türkmen alymlary Moskwada geçirilen suwdan peýdalanmak boýunça maslahata gatnaşdylar ✦ ✦ Manadyň 31 ýyllygy mynasybetli ykdysadyýet boýunça bäsleşik ✦ ✦ Himiýa we gaz himiýasy pudagyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat ✦ ✦ Türkmenistanda Kiberhowpsuzlyk Hakatony: "Turkmen Cyber. Hack" Bäsleşigi ✦ ✦ TDEI “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn bäsleşigi geçirýär ✦ ✦ “Statistika” dersi boýunça internet bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan ŞHG guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär ✦ ✦ Türkmen-täjik gatnaşyklary rowaçlanýar ✦
Baş sahypa / Syýasat /Adamzadyň abadançylygynyň bähbidine
  10.07.2024
327
Adamzadyň abadançylygynyň bähbidine

Garaşsyzlygyny gazanansoň, ilkinji ýarym ýylyň içinde dünýäniň iň abraýly halkara guramasynyň ― BMG-niň agzasy bolan Türkmenistan bu guramanyň konwensiýalarynyň we pudaklaýyn edaralarynyň birnäçesiniň hem agzasydyr. Şeýle-de biziň ýurdumyz halkara giňişliginde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen ilkinji we ýeke-täk döwlet hökmünde-de meşhurdyr.

 

Geçen 32 ýylyň içinde Türkmenistan ― BMG gatnaşyklarynyň taryhy şan-şöhratly sahypalara juda baý. Şol taryh Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyna bagyşlanan dürdäne eserlerinde, hormatly Prezidentimiziň baý mazmunly kitaplarynda öz beýanyny tapýar. Bu taryhyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky sahypalary barada hem aýdara-diýere zat örän kän. 5 — 7-nji  iýulda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistana sapar bilen gelmegi hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykarylýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Onuň çäginde geçirilen ýokary derejeli gepleşikler bolsa milli hem umumy bähbitleri nazarlaýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.

 

Ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz jenap Antoniu Guterrişe Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny gowşurdy. Bu ýokary sylag üç asyr mundan ozal adamlary deňlik, adalatlylyk ýörelgelerine eýermäge çagyran beýik söz ussadynyň şu ýyl bellenilýän ýubileý senesine bagyşlanandyr. Magtymguly diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýä jemgyýetçiliginde-de çuňňur hormatlanýan filosof hem şahyrdyr. Onuň parahatçylykly ýaşaýyş, jebislik bilen bagly öňe süren ideýalary häzirki döwürde-de örän möhümdir. Şu nukdaýnazardan, BMG-niň Baş sekretarynyň bu medal bilen sylaglanylmagynda hem özboluşly many bardyr.

 

BMG-niň Baş sekretary 7 ýyl mundan ozal — 2017-nji ýylda-da Türkmenistanda saparda bolupdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we jenap Antoniu Guterrişiň arasynda oňat gatnaşyklar ýola goýuldy. Hut şol gatnaşyklar, özara ynanyşmagyň ýokary derejesi hem Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine öz täsirini ýetirýär. Nobatdaky sapar bolsa ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryna mynasyp baha berilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

 

Gülkamar SAPAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.