logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /2022-nji ýylyň traktory «John Deere» boldy
  28.12.2022
1310
2022-nji ýylyň traktory «John Deere» boldy

Golaýda, Italiýanyň Bolonýa şäherinde «2022-nji ýylyň traktory» ady bilen geçirilen halkara bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bu bäsleşige dünýäniň 25 döwletinden gelen agrosenagat işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bäsleşigiň emin agzalarynyň gelen çözgütlerine görä, «John Deere» kompaniýasynyň oba hojalyk tehnikalary birbada iki ugur (nominasiýa) boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi.

Şeýlelikde, «John Deere 7R 350 AutoPowr» kysymly traktor «Ýylyň iň gowy uniwersal traktory» diýen ada, «John Deere 6120M AutoPowr» kysymly oba hojalyk tehnikasy bolsa, «Ýylyň iň köp önjeýli işleýän ykjam tehnikasy» diýen ada mynasyp bolup, bäsleşikde ýeňiş gazandylar.