logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /170 müň gektara ekilen gök maýsalara göwnejaý ideg edilýär
  30.01.2023
1383
170 müň gektara ekilen gök maýsalara göwnejaý ideg edilýär

Mary welaýatynyň gallaçy kärendeçileri, telekeçileridir ussat ýer eýeleri 170 müň gektarda ekilen, gök maýsa bolup oturan ak ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ideg edýärler. Bu işde Türkmengala etrabynyň «Senetçi daýhan» daýhan hojalygynyň hasyl ussatlary-da öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Olar 105 gektar ýere güýzlük bugdaý ekip, kadaly gögeriş gazanypdyrlar. Daýhan hojalygynyň ýer bilen bagry badaşan daýhanlary geçen 2022-nji ýylda hem bugdaý eken meýdanlarynyň her gektaryndan 35 sentnerden hasyl almagy başardylar. Ýere yhlasly hyzmat edýän daýhanlar «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan 2023-nji ýylda-da bu görkezijini has-da artdyrmak maksady bilen, ak ekinlere şu güne çenli iki gezek ösüş suwuny, talabalaýyk mineral dökünleri beripdirler.

Häzirki wagtda hojalygyň gallaçylary ekinleri ýerli dökünler bilen iýmitlendirmäge taýýarlanýarlar. Şeýle-de olar haşal otlara garşy göreş çärelerini-de alyp barýarlar. Geçirilýän ähli agrotehniki çäreleriň ylymda gazanylan üstünlikler bilen utgaşdyrylyp alnyp barylmagy, ak ekinleriň kadaly ösmegine öz oňaýly täsirini ýetirýär.