logo

Latest news:
✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» merkezinde dil gurnagy geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦
Home / Society /Zenan mähek daşydyr
  20.01.2021
691
Zenan mähek daşydyr

       Bäş müňýyllyk taryhy bolan türkmen halkymyz zenanlary ýüzüniň tuwagy, ary-namysy, maşgala ojagynyň eýesi hasaplap, olara sarpa goýup gelipdir. Bu gün hem Mukaddes watanymyzda zenanlar ýaşaýyşyň, rowaçlygyň, sazlaşygyň, kämilligiň şuglasy hökmünde uly sylaga, mertebä eýedir.

         Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda zenanlara goýulýan sarpa, olar baradaky alyp barylýan işler ata-babalarmyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimizden, milli däp-dessurlarymyzdan, ruhy gymmatlyklarymyzdan ugur alyp, häzirki günlerde hem ähmiýetini ýitirmeýär.

         Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda döwletimizde halkymyzyň syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda hemmetaraplaýyn ösüşüni üpjin etmek babatynda alnyp barylýan işleriň, kabul edilýän kanunlaryň, halkara hukuklaryna we düzgünlerine doly laýyk gelýändigine biziň ýurdumyzda jemgiýetiň ilkinji, başlangyç esasy bolan maşgalanyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, eneligi we çagalygy goramaga, sagdyn nesli kemala getirmäge barha köp üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

         Türkmen maşgalasynda çaga terbiýesi, gyz-gelinleriň edep ekramlylygy, sözleýiş medeniýeti barada, ýaş nesilleriň medeniýetini, aň-düşünjesini kämilleşdirmekde kitaplaryň hem-de kitaphanalaryň tutýan orny bimöçberdir.

         Türkmen halky öz gelin-gyzlaryny dünýäde bar bolan ähli mukaddesliklere deňeýär. Ynha şu nukdaýnazardan hem Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan sarpasyna jogap etmek we zenanlaryň ukyp başarnygyny açyp görkezmek maksady bilen Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde Watanymyzyň hem halkymyzyň öňünde ruhy-medeni we durmuş-ykdysady ösüşlerinde saldamly goşant goşýan zenanlaryň arasynda “Ýylyň zenany” atly bäsleşik geçirildi.

         Bäsleşige etrabymyzyň görnükli işewür zenanlary, mugallymlary şeýle hem eli hünärli zenanlarymyz hem gatnaşyp, inçe zenan dünýäsi, mertebesi, durmuşda tutýan orny barada gyzykly gürrüňler bilen çykyş etdiler. Dabaraly çäre mynasibetli zenenlar hakynda ýazylan kitaplardan sergi hem guraldy, ol kitaplar türkmen gelin-gyzlary hakynda ýazylan ylmy maglumatlary hem özünde jemleýär.

         Bäsleşigiň netijesinde öz ukyp-başarnygy bilen tapawutlanyp ýeňiş gazanan zenanlary sylaglamak dabarasy geçirildi.

         Biz zenanlara goýýan şeýle belent sarpasy, çäksiz hormaty, alyp barýan beýik işleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýtýarys! Hormatly Prezidentimiziň janyny sag bolsun, alyp barýan ýurt ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin.