Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak
  12.11.2024
168
Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetiň ösüşinde sanly ulgamyň döwrebap mümkinçilikleriniň aýratyn orny bardyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ykdysadyýetimizi has-da ösdürmekde guwandyryjy işleriň alnyp barylýandygyny aýdyň beýan edýär.

 

Ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda “Ykdysadyýet” ugry boýunça VI internet bäsleşigi geçirildi. Internet olimpiadasy Türkmenistanyň sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan ugur alyp, talyplaryň özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň bilim başarnyklaryny has-da çuňlaşdyrmak, nazary bilimlerini berkitmek, şeýle-de özbaşdak işlemek endigini ösdürmek maksady bilen guraldy.

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda talyp ýaşlaryň bilimlerini kämilleşdirmek we olaryň ylym-bilime höweslerini artdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda gurnalan internet olimpiadasynda maňa hem III derejeli diplom bilen sylaglanmak bagty miýesser etdi. Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri mundan beýläk hem üstünliklere beslensin!

 

Begenç NURALYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.