Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Zehinli okuwçylar ýüze çykaryldy
  05.03.2020
1787
Zehinli okuwçylar ýüze çykaryldy

     2020-nji ýylyň 2-3-nji martynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, Hormatly Arkadag Prezidentimize wepaly, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmek, orta mekdepleriň okuwçylarynyň okuw derslerine gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek, şeýle-de “Türkmenistanyň Bilim ministrligi hakynda” Düzgünnamanyň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, okuw dersleri boýunça Ahal welaýatynyň mekdep okuwçylarynyň arasynda her okuw ýylynda geçirilýän “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşikleri geçirildi.

         Welaýatyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yglan edilen “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşigiň çäginde okuw ýylynyň dowamynda etraplaryň we Tejen şäheriniň mekdep okuwçylarynyň ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan 10-11-nji synplaryň okuwçylary gatnaşdylar.  Bu geçirilen bäsleşigiň welaýat tapgyryna Baş bilim müdirligi tarapyndan döredilen eminler topary okwçylaryň bilimlerine we başarnyklaryna adalatly baha berdiler. Okuw dersleri boýunça bäsleşikler nazary we amaly mazmunly 2 tapgyrda geçirilip, okuwçylar bäsleşdiler. Bäsleşigiň 1-nji we 2-nji günleri okuwçylar öňünden gizlin, bukjalarda taýýarlanylan dürli temalara we soraglara hem-de soragnamalara jogap berdiler.

         “Altyn asyryň altyn zehinleri” welaýat ders bäsleşiginiň jemi jemlenende, emin agzalarynyň adalatly baha bermekleri netijesinde, Tejen şäheriniň we Ak bugdaý, Sarahs hem-de Kaka etraplarynyň mekdep okuwçylarynyň okuw dersleri boýunça bäsleşige oňat taýýarlykly gelendikleri belli boldy. Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylar Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlaryna we gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp boldular. Okuw dersleri boýunça geçirilen bu bäsleşikde hormatly orunlary eýelän okuwçylar Döwlet boýunça “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly okuw dersleri boýunça geçiriljek bäsleşige gatnaşmaklyga hukuk gazandylar.