logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Syýasat /Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi
  21.10.2026
181
Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi

Ylalaşmak parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýmakda, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orun eýeleýän sungatdyr. Diplomatiýa diňe bir döwletleriň arasynda gepleşikleri ýa-da resmi duşuşyklary geçirmek bilen çäklenmeýär. Ol sabyrlylygy, paýhaslylygy, medeniýetliligi, jogapkärçiligi we dürli garaýyşlara hormat goýmagy talap edýän giň düşünjedir. Dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmeginde diplomatiýanyň ähmiýeti örän uludyr.

 

Adamzat taryhyna ser salanymyzda, dürli halklaryň we döwletleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň hemişe zerur bolandygyny görmek bolýar. Döwletler biri-biri bilen söwda edipdirler, medeni we ylmy gatnaşyklary ýola goýupdyrlar, dürli meseleler boýunça pikir alşypdyrlar. Şeýle gatnaşyklaryň parahatçylykly we özara bähbitli bolmagynda diplomatiýa möhüm serişde bolup hyzmat edipdir.

 

Diplomatiýanyň esasy maksatlarynyň biri döwletleriň arasynda düşünişmezlikleri gepleşikler arkaly çözmekdir. Dürli ýurtlaryň syýasy, ykdysady ýa-da beýleki meselelerde garaýyşlarynyň tapawutlanmagy tebigy ýagdaýdyr. Akylly-başly gepleşik, özara hormat we ylalaşyk gözlemek arkaly köp meseleleriň parahatçylykly çözgüdini tapmak mümkindir.

 

Diplomatyň işi uly jogapkärçiligi talap edýär. Onuň aýdýan her bir sözi, edýän hereketi we alyp barýan gepleşigi öz ýurdunyň abraýyna täsir edip biler. Şonuň üçin diplomat bilimli, giň dünýägaraýyşly, sabyrly we sowatly bolmalydyr. Ol öz ýurdunyň taryhyny, medeniýetini, ykdysadyýetini we daşary syýasatyny gowy bilmeli, şol bir wagtyň özünde beýleki halklaryň däp-dessurlaryna we medeni aýratynlyklaryna hem hormat goýmalydyr.

 

Bu ugurda dil bilmek hem örän möhümdir. Dürli ýurtlaryň wekilleri biri-biri bilen aragatnaşyk saklanda birnäçe dili bilmek uly artykmaçlyk berýär. Dil diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, eýsem, başga halkyň medeniýetine düşünmegiň hem açarydyr. Başga dili öwrenen adam şol diliň üsti bilen başga halkyň pikirleniş aýratynlyklaryna, däp-dessurlaryna we medeniýetine has ýakyndan düşünip bilýär.

 

Diplomatiýanyň iň esasy ýörelgeleriniň biri hem özara hormatdyr. Her bir döwlet öz garaýyşlaryna, milli bähbitlerine we özbaşdaklygyna eýedir. Döwletleriň arasynda üstünlikli hyzmatdaşlyk ýola goýulmagy üçin biri-biriniň hukuklaryna we garaýyşlaryna hormat goýmak zerurdyr. Hormat bar ýerinde ynam döreýär, ynam bar ýerinde bolsa uzak möhletli hyzmatdaşlygyň binýady emele gelýär.

 

Muhammet ÝUSUPOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.