logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Syýasat /Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit
  21.10.2026
9
Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit

Hormatly Prezidentimiziň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary amala aşyrmagy, ýurdumyzyň halkara giňişlikde alnyp barylýan işlere öz sesini goşýandygyny subut etdi. Döwlet Baştutanymyz sammitde çuňňur manyly söz sözlemek bilen, dünýä üçin ähmiýetli meselelere üns çekdi.

   

Häzirki wagtda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, milli bähbitleri nazara almak ýörelgeleri esasynda ösdürilip, strategik hyzmatdaşlygyň, köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň mizemez nusgasy esasynda alnyp barylýar. Ýokary derejedäki gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ilerledilýär. Gündogar — Günbatar ugry arkaly halkara üstaşyr ulag we energetika geçelgelerini döretmek, möhüm halka bolup çykyş edýän iki döwletiň geostrategik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ikitaraplaýyn gün tertibinde üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeň häsiýetde bolmagyny şertlendirýär.

 

Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen ýokary wekilçilikli döwletara forum bolup durýar. Bu Geňeş syýasy, ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer, şeýle hem täze wehimlere garşy göreşmek ýaly möhüm bäş ugry özünde jemläp, köptaraplaýyn şeýle hem köpugurly dialog babatda netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

 

Türkmenistanyň bu ýokary derejeli foruma gatnaşmagy sebit we halkara gün tertibindäki wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda ýurdumyzyň dialog ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyk edýär.

 

Hormatly Prezidentimiz çykyşynda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň durnukly ekologiýa ösüşiniň bähbidine hyzmat edýän taslamalary durmuşa geçirmek hem-de netijeli çözgütleri ilerletmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirip, ynsanperwer ulgamyň hyzmatdaşlygy berkitmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny nygtady.

 

Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Geňeşiň ýaşlar platformalarynyň çäklerinde akademiki alyşmalaryň ösdürilmegini we hyzmatdaşlygyň ilerledilmegini doly goldaýandygyny aýtdy. Galyberse-de, parahatçylykly dialog medeniýetini gaýtadan dikeltmek işine ösüp gelýän nesli çekmegiň guraly hökmünde ýaşlar diplomatiýasyny düýpli ösdürmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary üstünlik bilen tamamlanyp, adamzadyň öňünde duran möhüm meselelere ýurdumyzyň jogapkärli çemeleşýändigini, şol işleri amal etmekde toplumlaýyn iş alyp barýandygyny subut etdi.

 

Muhammetgeldi ORAZGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.