logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady
  21.10.2026
11
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady

Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ählumumy parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlary ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende galdyrmaga, döwletleriň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy berkitmäge uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Bakuda we 16-njy oktýabrynda Ýerewanda geçirilen halkara sammitlerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşlarynda öňe sürlen başlangyçlaryň ähmiýetini içgin öwrenmek aýratyn wajypdyr.

 

Halkara sammitlerde öňe sürülýän başlangyçlar döwletleriň arasynda syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm mümkinçilikleri döredýär. Olaryň mazmunyny giňden öwrenmek, ähmiýetini düşündirmek hem-de jemgyýetçilige ýetirmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, resmi metbugat neşirlerinde çap edilýän maglumatlara, döwlet edaralarynyň resmi saýtlarynda ýerleşdirilýän habarlara we çykyşlaryň asyl mazmunyna esaslanyp, düşündiriş işlerini talabalaýyk guramak zerurdyr.

 

Bu ugurda ýokary okuw mekdeplerinde we beýleki bilim edaralarynda tegelek stol gepleşiklerini, brifingleri, maslahatlary hem-de okuw sapaklaryny geçirmek uly ähmiýete eýedir. Şeýle çäreleriň dowamynda talyplara Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň esasy maksatlaryny, olaryň sebit we dünýä derejesindäki ähmiýetini giňişleýin düşündirmek, ýaşlaryň halkara gatnaşyklary baradaky düşünjelerini baýlaşdyrmak möhümdir. Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we internet saýtlarynda makalalary çap etmek arkaly halk köpçüliginiň habarlylygyny ýokarlandyrmak zerurdyr.

 

Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň giňden wagyz edilmegi ýaş nesliň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgelerine has gowy düşünilmegine hem-de dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklarymyzyň ähmiýetiniň açylyp görkezilmegine ýardam berýär. Şoňa görä-de, bu ugurdaky çäreleri yzygiderli geçirmek, resmi maglumatlary giňden peýdalanmak we olaryň mazmunyny halka düşnükli dilde ýetirmek her bir degişli edaranyň möhüm wezipesidir.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara sammitlerde öňe sürýän başlangyçlaryny öwrenmek we wagyz etmek ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny giňden düşündirmäge, halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini açyp görkezmäge hem-de jemgyýetde parahatçylyk, dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerini berkitmäge hyzmat edýär.

O. ANJYKOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mugallymy
.