Her bir halkyň geçmişini, şu gününi we geljegini birleşdirýän beýik ruhy gymmatlyk bu medeniýetdir. Ol diňe bir sungat, edebiýat, aýdym-saz ýa-da däp-dessurlar bilen çäklenmän, eýsem, halkyň ýaşaýyş-durmuşyny, dünýägaraýşyny, ahlak ýörelgelerini, dilini, milli aýratynlyklaryny we nesillerden-nesillere geçirilýän ruhy mirasyny özünde jemleýär. Her bir halkyň özboluşly medeniýeti bolýar. Şol medeniýet şol halkyň kimdigini, nähili gymmatlyklara eýerýändigini we geçmişden nähili ýol geçendigini görkezýär. Şonuň üçin medeniýeti goramak we ösdürmek her bir ynsanyň mukaddes borçlarynyň biridir.
Türkmen halkynyň medeniýeti hem gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan baý we köptaraply medeniýetleriň biridir. Asyrlaryň dowamynda halkymyz öz milli däp-dessurlaryny, edebi mirasyny, sungatyny, el hünärlerini we durmuş ýörelgelerini nesilden-nesle geçirip gelipdir. Bu baý miras halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeläpdir. Türkmeniň myhmansöýerligi, ululara hormaty, kiçilere aladasy, dost-doganlyga we agzybirlige bolan garaýşy hem milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir.
Dil halkyň ruhunyň aýnasydyr. Halk öz dilinde pikirlenýär, duýgularyny beýan edýär, taryhyny we durmuş tejribesini geljekki nesillere ýetirýär. Ene diline bolan söýgi milli medeniýete bolan söýgüden başlanýar. Şonuň üçin öz ene dilimizi arassa we dogry ulanmak, ony öwrenmek, baýlygyny goramak her birimiziň borjumyzdyr. Dil näçe baý bolsa, şol dilde döredilen edebiýat hem şonça-da çuň manyly bolýar.
Edebiýat medeniýetiň iň möhüm ugurlarynyň biridir. Şahyrlaryň we ýazyjylaryň eserleri halkyň ýüregindäki duýgulary, arzuwlary, şatlyklaryny we aladalaryny beýan edýär. Edebi eserler arkaly biz geçmişe nazar aýlaýarys, dürli döwürlerde ýaşan adamlaryň durmuşyny öwrenýäris we durmuşa bolan garaýşymyzy baýlaşdyrýarys. Gowy kitap adamy diňe bir bilimli etmek bilen çäklenmän, onuň ruhy dünýäsini hem ösdürýär. Kitap okaýan adam dürli pikirler bilen tanyşýar, ýagşylygy we erbetligi saýgarmagy, adamlara düşünmegi öwrenýär.
Aýperi AKMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.