Bagtly çagalygyň ýurdy we arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi bolan Garaşsyz Watanymyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen belent şygaryň astynda körpe nesiller üçin dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarydyr orta mekdepler yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Garaşsyz Watanymyzyň iň täze taryhynyň buýsançly sahypalarynda ýazylýan şöhratly zamanamyzda eneleriň we çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini hukuk taýdan goramaga gönükdirilen kanunlaryň kabul edilmegi, köp sanly durmuş ýeňillikleriniň berilmegi, çaganyň we enäniň saglygyny goraýan «Ene mähri» saglygy goraýyş merkezleriniň döredilmegi çagalarymyzyň irki döwürden kadaly ösüşini hem-de abadan durmuşyny üpjün edýär.
Her ýylyň 1-nji iýunynda tomus paslynyň ilkinji güni, çagalaryň sabyrsyzlyk bilen garaşylýan tomus dynç alyş döwrüniň başlanýan güni bilen Çagalary goramagyň Halkara gününiň gabatlanyp bellenilmegi çagalaryň şatlygyny has-da goşalandyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesillere asuda durmuşy kepillendirmek ugrunda edýän aladalary bimöçberdir. Durmuşymyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar çagalar barada edýän şeýle atalyk aladalary üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Aýlar ŞÜKÜROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.