Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Ýylyň astronomiýa fotosuratçysy” bäselşiginiň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň jemleýji milli maslahatyny geçirdi ✦ ✦ Hindistanyň ilçisi ýurdumyzdaky ekologiki çärä gatnaşdy ✦ ✦ Buker baýragynyň dalaşgärleriň gysga sanawy düzüldi ✦ ✦ Türkmenistanda güýzlük bugdaýyň täze 3 görnüşi döredildi ✦ ✦ Ýurdumyzda Daşary söwda dolanşygy baradaky Ähtnamany taýýarlamak işleri alnyp barylýar ✦ ✦ Halk Maslahaty — halk häkimiýetiniň mizemez sütüni ✦ ✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Türkmenistanyň Garaşsyzlygy agzybirligiň, bitewiligiň nyşany ✦ ✦ Paýtagdymyzda Tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş başlandy ✦
Baş sahypa / Dünýäde /“Ýylyň astronomiýa fotosuratçysy” bäselşiginiň netijeleri jemlendi
  19.09.2024
34
“Ýylyň astronomiýa fotosuratçysy” bäselşiginiň netijeleri jemlendi

Grinwiç Patyşalyk obserwatoriýasy BBC Sky at Night Magazine neşiri bilen hyzmatdaşlykda “Ýylyň astronomiýa fotosuratçysy” atly her ýyl geçirilýän 16-njy bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etdi.
 

Bäsleşikde özboluşly kosmos jisimleriniň we hadysalarynyň suratlary görkezildi. Kategoriýa boýunça ýeňijiler:

 

Absolýut ýeňiji: 2023-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda doly Gün tutulmasyny surata düşüren, “Günüň tutulmagy bilen Aý üstünde dörän ýoýlan kölegeler” atly suraty bilen Raýan Imperio.

 

Suratda Beýli tesbisi atly optiki hadysa görünýär, Gün doly  tutulanda, Gün şöhleleri Selenanyň üstüniň nätekizligi sebäpli, Aý diskiniň gyralarynda ýagtylyk nokatlaryny döredýär.
 

Iň oňat ýaş astrofotosuratçy: Daniele Borsar, Perseý ýyldyzlar toplumynda NGC 1499 emissiýa dumanlygynyň suraty üçin. Biziň Aýymyz: Gabor Balaş, Älemgoşar aýlagy krateriniň suraty üçin.

 

Polýar şapagy: Larrin Reý "Kwinstaundaky Polýar şapagy" atly (Täze Zelandiýa) suraty bilen.
 

Galaktikalar: Bensa Tot we Peter Feltofi Polýar halkaly sentawr A galaktikasynyň suraty üçin.
 

Planetalar, kometalar we asteroidler: “Weneranyň hereketi” suraty üçin Tom Uilliams.

 

Adamlar we kosmos: Tom Uilliams Günüň fonunda HKS-nyň sudurynyň suraty üçin.Ýyldyzlar we dumanlyk: Marsel Dreksler, Breý Folls, Ýann Santi, Nikolýa Martino we Riçard Galli Nereidanyň dumanlyklary suraty üçin.

 

Asman peýzažlary: Tasmaniýa adasyndaky gijeki asmany surata düşürendigi üçin Tom Reý.Ser Patrik Mur baýragy: Sin Fen we Mýao Gong, SH2-308 dumanlygynyň suraty üçin.

 

Enni Maunder baýragy: Serhio Dias Ruis, Ýeriň "Ýaşalýan planetanyň anatomiýasy" atly suraty üçin.

 

Eziz Orazow
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.