Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynda eden çuň manyly çykyşynda ,, Men Turkmenistanda adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny we şeýle bolmagynda galjakdygyny aýratyn bellemek isleýärin’’ diýmegi, şeýle hem ýurdumyzda saglygy goraýyş desgalarynyň, dünyä ülňulerine laýyk gelýän stadionlaryň, sport merkezleriniň gurulmagy sagdyn durmuş ýörelgeleriniň çalt depginde ornaşdyrylýandygynyň subutnsamasydyr. Esasan hem oba ilatynyň durmuş, hal –ýagdaýynyň ýokarlanmagy belli bir ýagdaýlarda çagalaryň bilim derejesine oňyn täsirini ýetirýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyndaky amala aşyrylýan ägirt uly özgertmelerdir, öňe gidişlikler her bir bilim işgärini tijenip işlemäge borçlandyrýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň ,,Bilim, ylym we tehnika ulgamlarynda gazanylan üstünliklere esaslanyp, milli bilim ulgamyny ösdürmelidiris. Bilimli, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmelidiris. Bu aýdylanlar milli bilim ulgmynyň ýolbaşçylarynyň, ähli bilim işgärleriniň, ilkinji nobatda bolsa, mugallymlaryň örän möhüm wezipeleridir” diýip bellemegi bilim işgärleriniň öňünde kesgitli çözgütleri goýýar. Mekdepde okuw-terbiýeçilik işleriniň döwrebap derejede guralmagy irginsiz zähmeti we döredijillikli çemeleşmeleri talap edýär.
Ösüp gelýän ýaş nesle diňe bir durmuşy we dünýewi bilimleri öwretmek bilen çäklenmän, eýsem olary berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Mekdepde bedenterbiýe sapaklaryndaky hereketli oýunlar okuwçylaryň bedeniniň berkemegine ýardam berýär. Sporta çagalykdan endik edinmegi terbiýelemeli. Sportuň ähli keselleriň öňüni almakda, ony bejermekde peýdasynyň uludygyna düşünmeklerini gazanmaly. Ylmy taýdan kabul edilen meýilnama esasynda ýaş aýratynlyklaryna görä özara ýaryşlary geçirmeli. Sport ýaryşlary okuwçylarda başarjaňlyk, tutanýerlilik, ukyplylyk, maksada okgunlylyk, erjellik ýaly häsiýetleri terbiýelerýär.
Bitarap Türkmenistanymyzda sagdyn pikirli nesli terbiýelemek barada, ýurt Garaşsyzlygymyzyň taryhy kökleri we ähmiýeti, onuň türkmen halkyna beren bagty barada synp sagatlarynyň guralyşy barada durup geçmek isleýärin.Ýokary synplarda okuwçylaryň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen tema degişli nutuk taýýarlamagy öňunden tabşyrylýar, ata Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işlerini wasp edýän goşgulary ýatdan labyzly aýtmaklaryny tabşyrmaly. Mekdebiň kitaphanasynda bar bolan Mill Liderimiziň kitaplaryny, döwürleýin neşirýatlary peýdalanmak maslahat berilýär. Häzirki wagtda ähli okuwçylarda diýen ýaly hormatly Prezidentimiziň sowgat beren netbuk kompýuterleri bar, şeýle-de ýörite döwrebap kompýuter tehnologiýalary, multimediýa tagtalary bilen üpjün edilen synp otaglary hereket edýär. Şonuň üçin synp sagatlarynda köp işleri geçirmäge mugallymlarda giň mümkinçilik bolýar.
Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmeginiň rowaçlanýan döwründe pederlerimiziň nusgalyk göreldesine, Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgesine eýermek bilen mekdepde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdireris we okuwçylaryň bilim – terbiýeli bolup ýetişmeklerinde zähmetimizi gaýgyrmarys. Ýurdumyzda rowaçlyga beslenýän bilim özgertmelerini amala aşyrmakda, ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda uly tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny,il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.