Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ HGI-de halkara okuw-usuly maslahat geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanda halkara olimpiadalar we okuw-usuly maslahatlar geçiriler ✦ ✦ Balkanly dokmaçylaryň zähmet üstünligi ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy Malaýziýada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça olimpiada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda zehin soraglary boýunça olimpiada guraýar ✦ ✦ Ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk ✦ ✦ Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi ✦ ✦ Türkmen-amerikan bilim hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Saglyk /Ýurdumyzyň çagalar baglarynda çagalaryň saglygy barada alada
  13.11.2024
194
Ýurdumyzyň çagalar baglarynda çagalaryň saglygy barada alada

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň esasynda ýurdumyzda adam saglygyna uly üns berilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegi, ruhy we fiziki taýdan sagdyn ösüp ýetişmegi ugrunda birnäçe tagallalar edilýär.

 

Ýurdumyzyň çagalar baglarynda medisina otaglarynyň, saglyk burçlarynyň döredilmegi, her bir bilim ojaklarynda medisina işgärleriniň zähmet çekmegi çagalarda ýüze çykyp biläýjek keselleriň öňüni almakda, keselleri bejermekde, sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmekde iňňän ähmiýetlidir.

 

Türkmenistan Watanymyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän çagalar baglaryndaçagalaryň ene-atalary bilen ýygy-ýygydan ýygnaklar, söhbetdeşlikler geçirilýär. Söhbetdeşliklerde çagalar bilen ene-atalaryň arasynda ýüze çykyp biläýjek ýagdaýlar, çagalaryň saglygy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Çagalar baglarynda şepagat uýasy ene-atalara çagalaryň saglygy barada degerli maslahatlar berýär. Çagalaryň özlerini alyp barşy, iýip-içmegi, oýnaýan oýunlary berk gözegçilikde saklanýar. 

 

Gürrüňdeşlikde şepagat uýasynyň çagalaryň saglygyna, ösüşine täsir edýän ýagdaýlar barada gürrüň etmegi şol çagalaryň geljekki ösüşine oňaýly täsir edýär. Alym Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde dünýä ülňülerine gabat gelýän çagalar baglarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, şeýle hem hereket edýän çagalar baglarynyň durkunyň döwrebap şekilde täzelenmegi durmuşa gadam basyp ugran çagalaryň dünýäsinde uly bir özgerlişikleriň nyşanydyr. Ýaşajyk körpejikler döwrebap bilim, terbiýe almaga ugrukmak bilen bir hatarda özlerini gurşap alýan daşarky dünýäsine täzeçe garaýarlar. Sanly ulgamyň çagalar baglaryna ornaşdyrylmagy, körpeleriň bilimi aňsat öwrenmekleri bilen bir hatarda terbiýeçi-mugallymlaryň işini ýeňilleşdirýär we kämilleşdirýär.


Enäniň we çaganyň saglygy ugrunda uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp minnetdardyrys! Alym Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak ugrunda alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

Merjen DURDYÝEWA

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş
ylymlary kafedrasynyň mugallymy