Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, durmuşyň ähli ulgamlarynda ýokary netijeleriň gazanylmagyna uly orun berilýär. Arkadagly Serdarymyz obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan birnäçe möhüm taslamalaryň çäklerinde daşky gurşawy goramak we ekologik howpsuzlyk, ýurdumyzyň suw serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Häzirki döwrüň möhüm meseleleri, ählumumy parahatçylygy saklamak, durnukly energetika, ulag ulgamlaryny üpjün etmek, suw howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi ýaly meselelerde oňyn netijeler gazanylýar. Önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagy, öňden bar bolan senagat desgalarynyň dünýäniň iň ösen tehniki enjamlary bilen gaýtadan enjamlaşdyrylmagy, täze ugurlary ornaşdyrmaga gönükdirilýän iri maýa goýum serişdeleriniň netijeli özleşdirilmegi ýurdumyzyň senagat taýdan kuwwatlanmagyna giň mümkinçilikleri döredýär we ähli pudaklaryň işleriniň sazlaşykly ýola goýulmagyna, üstünlikleriň gazanylmagyna netijeli täsir edýär. Milli ykdysadyýetimiziň energetika, ulag we kommunikasiýalar, maýa goýum, söwda, oba hojalygy, dokma senagaty, gaýtadan işleýän we nebithimiýa senagaty ýaly pudaklarynda, beýleki ugurlarda iri, geljegi uly taslamalary durmuşa geçirilýär. Gözel paýtagtymyzyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän möhüm işler halkymyzyň milli binagärlik ýörelgelerinden ugur alynýandygyny alamatlandyrýar. Saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlary, ýaşaýyş-jemagat hojalygy häzirki wagtda dünýä tejribesiniň gazananlarynyň esasynda kämil binýada eýe bolýar. Ylmyň we tehnikanyň gazananlary, şonuň bilen bir hatarda, öňdebaryjy tejribeler, olary başarnykly ulanmak ýurdumyzy, jemgyýetimizi üstünliklere, ösüşlere besleýän görkeziji hökmünde häsiýetlendirilýär. Elbetde, şeýle möhüm wakalar, asylly başlangyçlar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, Türkmenistan ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligi bilen özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine ykdysady, ynsanperwer ugurly gatnaşyklary giňeltmek boýunça ýola goýulýan beýik başlangyçlarynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Leýla ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.