logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ýurdumyzdan Gazagystan Respublikasyna mekdep partalary eksport edildi
  03.09.2023
1117
Ýurdumyzdan Gazagystan Respublikasyna mekdep partalary eksport edildi

Ýurdumyzda hereket edýän «Aýbölek» mebel kärhanasy Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde ýerleşýän Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň täze açylýan 400 orunlyk binasy üçin niýetlenen ýokary hilli partalary eksport etdi.

 


«Aýbölek» mebel kärhanasy geçen ýylyň sentýabrynda hem Gazagystan Respublikasynyň Alma-Ata şäherindäki Gazak milli uniwersitetiniň ýanynda ulanyşa berlen 720 orunlyk döwrebap orta mekdep üçin partalary eksport edipdi.

 


Täze, 2023-2024-nji okuw ýylynda «Aýbölek» mebel kärhanasy ýurdumyzdaky bilim ojaklaryny ýokary hilli önümler bilen üpjün etmekde-de uly üstünlikleri gazandy. Kärhana Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Gowak geňeşliginiň Gowak obasynda açylmaga taýýar edilen 160 orunlyk çagalar bagyny mebel önümleri bilen doly  üpjün etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralary, orta mekdepleri we ýokary okuw mekdepleri üçin partalaryň 5000 müňden gowragy taýýar edildi. Munuň özi telekeçileriň täze okuw ýylyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň barha ýakynlap gelýän baýramyny toý sowgatlary bilen garşylaýandygyny görkezýär.