Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän meýdançalaryň birinde geçirilen buraw işleriniň netijesinde senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy.
Bu gaz akymy ýokary hilli gaz känini almak we ondan dürli görnüşli benzin, kerosin, gaz almak bähbitli ulanylýar. Bu gaz akymy Lebap welaýatyndaky "Malaý" gaz çykaryjy zawody tarapyndan tapyldy we önümçilik işlerine geçirildi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserni we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan çykarylýan uglewodorod serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär.
Bu işleriň çäklerinde gaz känlerinde gözleg-barlag, baha beriş-ulanyş guýularyny burawlamak boýunça bilelikde işlenip düzülen degişli meýilnamanyň esasynda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň çäklerindäki meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny burawlamak işleri meýilleşdirildi. Lebap welaýatyndaky meýdançadan gaz akymynyň alynmagy çykarylýan “mawy ýangyjyň” möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Annaklyçow Baýmyrat,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby