Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň Garaşsyzlygy agzybirligiň, bitewiligiň nyşany ✦ ✦ Paýtagdymyzda Tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş başlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň ilçisi Hytaýda okaýan türkmen talyplary bilen dușuşyk geçirdi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen sebitleýin maslahata gatnaşdy ✦ ✦ Tejen etrabynda woleýbol ýaryşy geçirildi ✦ ✦ Çeper eser okamagyň peýdasy ✦ ✦ Halkara gimnastika federasiýasynyň başlygy Türkmenistana geldi ✦ ✦ Oleg Kononenko ýere dolanmaga taýynlanýar ✦ ✦ Halkara ulag-üstaşyr geçelgelerine bagyşlanan halkara maslahaty we sergisi geçiriler (ITTC 2024) ✦ ✦ Tejen etrabynda “Ak kerwen” dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ýurdumyzda maýa goýum forumy geçirilýär
  11.09.2024
60
Ýurdumyzda maýa goýum forumy geçirilýär

10-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän bu giň möçberli forumda ýurdumyzda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ýygjamlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Foruma dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriň we ylmy merkezleriň wekilleri hem-de ýolbaşçylary gatnaşdylar.

 

Bu iri halkara maslahatyna türkmen tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 

 

Halkara çäresiniň resmi açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen ýüzlenmegi dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. 

 

Garaşsyz ýurdumyzyň täze taryhynyň möhüm wakasy bolan halkara maýa goýum forumyna we bu ugur boýunça geçirilýän maslahata gatnaşyjylar ýörite gurnalan giň möçberli sergi bilen hem  tanyş boldular. 

 

Giň gerimli forum plenar mejlisi görnüşinde öz işini dowam etdi.

 

Enejan BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.