logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Economics /Ýurdumyzda bölek-satuw haryt dolanşygy 9,6 göterim artdy
  24.10.2023
613
Ýurdumyzda bölek-satuw haryt dolanşygy 9,6 göterim artdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary yzygider ösdüriýär. “Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen sepgitlere ýetmek ugrunda alnyp barylýan işler oňyn netijesini berýär. Maksatnamanyň çäkerinde geçirilen özgertmeleriň esasynda ýurdumyzyň jemi içerki önümiň 6,3 göterim artanlygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

 

 

Üstümizdäki ýylda önümçilik we medeni-durmuş ulgamlaryna 37 milliard 400 million manat möçberinde maýa goýumlary göz öňünde tutulýar. Şeýle-de durmuş syýasaty ýurdumyzda geljegi uly bolan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň raýatlaryny iş bilen üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar we 7607 sany täze iş ýerleri döredildi.

 

 

Ýurdumyz dünýä tejribesinden ugur alyp senagatyň telekeçilik pudagy batly depginler bilen ösýär. Soňky dokuz aýyň dowamynda bölek-satuw haryt dolanşygy, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9,6 göterim artdy.

 

 

Ähli ugurlarda ykdysadyýetiň ösdürilmegi üçin innowasion enjamlar durmuşa ornaşdyrylýar. Sanly ulgamyň durmuşymyza ornaşdyrylmagy bilen ýurumyzda alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň innowasion ykdysadyýete geçmegine uly mümkinçilikler döreder.  

 

Nurjahan ÇARYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylyk fakultetiniň
I ýyl talyby.