Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Garaşsyzylygy — bagtyýar geljegimiziň buşlukçysy ✦ ✦ Syýahatçylyk pudagy - parahatçylygyň, dostlugyň, ösüşiň baýdagy ✦ ✦ Garaşsyzlyk – türkmen halkynyň sarsmaz sütüni ✦ ✦ Brend hökmany gerekmi? ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyna ýetip bolmajak beýik düşünjedir ✦ ✦ Garaşsyzlyk daýanjymyz ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlyklaryny belledi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — baky bagtyň gözbaşy ✦ ✦ Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Ýurdumyzda biotehnologiýany ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklandy
  14.05.2024
323
Ýurdumyzda biotehnologiýany ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklandy

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek maksady bilen, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmak, şol sanda biologiýa ylmynyň we biotehnologiýalaryň üsti bilen ekologik taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalarynyň işlenip düzülişini çaltlandyrmak işleri alynyp barylýar we olary has hem kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.