Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ HGI-de halkara okuw-usuly maslahat geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanda halkara olimpiadalar we okuw-usuly maslahatlar geçiriler ✦ ✦ Balkanly dokmaçylaryň zähmet üstünligi ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy Malaýziýada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça olimpiada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda zehin soraglary boýunça olimpiada guraýar ✦ ✦ Ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk ✦ ✦ Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi ✦ ✦ Türkmen-amerikan bilim hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Saglyk /Ýurdumyzda 3 sany onkologiýa merkezi gurular
  21.09.2024
304
Ýurdumyzda 3 sany onkologiýa merkezi gurular

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän onkologiýa hassahanalary bilen bagly meseleler barada hasabat berdi.

 

Bellenilişi ýaly, wise-premýer ýokarda agzalan hassahanalary gurmagyň taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça geçirilen degişli işleriň netijeleri barada habar berdi.

 

Onkologiýa hassahananyň ýokary derejeli hassahana edip gurmak döwrebap tehnologiýalar bilen ornaşdyrmak ýokary hilli operasiýa otaglaryny gurnamak, tiz kömekleri ýola goýmak hem maksatlary meýilleşdirildi.

 

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň gurluşygyny yzygiderli dowam etmek zerurdyr. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap derejede ösdürmäge ýardam berer. 

 

Alymjanow Baýhan,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.