logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Economics /Ýurdumuzyň ykdysady kuwwaty ösüşlere beslenýär
  03.11.2023
580
Ýurdumuzyň ykdysady kuwwaty ösüşlere beslenýär

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilige iň öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýurtda syýasy durnuklylygy üpjün etmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak ýaly ugurlara daýanýar. Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, bazaryň alamatlaryny we döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini utgaşdyrmak ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlary bolup durýar.

 

 

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetini has ýokary depginlerde ösdürmek maksady bilen, önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, sanly ulgamlary, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, içerki bazar hem-de eksport üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar we muňa aýratyn uly üns berilýär. Ykdysadyýetimize bazar gatnaşyklary guralyny ornaşdyrmagyň, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmagynyň pugta we ygtybarly kadalaşdyryjy-hukuk binýady döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty köpugurly ykdysady we serişde mümkinçilikleri bilen bilelikde, öňde durýan möhüm wezipeleriň oňyn çözgüdini üpjün edýär. Şeýlelikde, milli kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklarynda hil taýdan täze netijeleri gazanmakda milli we halkara ähmiýetli wajyp meseleleriň oňyn çözülmegine giň mümkinçilikleri açýar.

 

 

Soňky ýyllarda Türkmenistan dünýäniň dürli döwletleri, öňdebaryjy maliýe we ykdysady düzümler bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldip, halkara gatnaşyklary ulgamyndaky eýeleýän ornuny pugtalandyrdy. Bu bolsa maliýe-bank ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň birnäçe pudaklaryna maýa serişdeleriniň çekilmeginiň möhüm şertidir. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynda beýleki ählumumy maksatlara ýetmek bir tarapdan, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini we abadançylygynyň ýokarlanmagyny üpjün eder, beýleki tarapdan bolsa, umumadamzat ähmiýetli köp meseleleri çözmek bilen bütin dünýäde ösüşe ýardam berer.

 

 

Muhammetnazar RAHMANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Energo-tehnologiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.