Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ylmy eserleriň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti ✦ ✦ Ak şäherim Aşgabat ✦ ✦ Halkara fiziologiýa merkeziniň saglygy goraýyşdaky ähmiýeti ✦ ✦ Narpyzyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Burçly gülhatma – Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümligi ✦ ✦ Anatoliý Buşmakiniň 90 ýaşy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby boýunça maslahat geçirildi ✦ ✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /ÝUNESKO duýdurýar: 2030-njy ýylda dünýäde 44 million mugallym ýetmezçiligi çaklanýar
  02.04.2024
929
ÝUNESKO duýdurýar: 2030-njy ýylda dünýäde 44 million mugallym ýetmezçiligi çaklanýar

Ýaňy-ýakynda ÝUNESKO-nyň 2030-njy ýyl üçin Bütindünýä pedagogiki habarnamasy (2030: Global report on teachers) neşir edildi.

2030-njy ýyla çenli göz öňünde tutulýan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň çäginde, bilimde yzygiderlilik we herbir adam üçin bilimi ýokary derejä ýetirmek maksadyna ýetmekde mugallymlaryň zähmeti möhüm rol oýnaýar. Emma, bütindünýä derejesinde emele gelýän pedagogiki işgärleriň ýetmezçiligi, bilime elýeterlilige we onuň möhümlik derejesine ýaramaz täsir edýär. Bu ýagdaý aýratynam hyzmat derejesiniň ýeterlik bolmadyk ýurtlarynda, ilat sanynyň aşa kän bolan ýerlerinde bilim berlişiň derejesiniň peselmegine we çäkli okuw mümkinçiliklerine sebäp bolýar.   

ÝUNESKO-nyň we Bilim boýunça halkara mugallymlar toparynyň 2030-njy ýyl üçin hyzmatdaşyk esasynda taýýarlan ilkinji bütindünýä pedagogiki habarnamasy bu bütindünýä meselesiniň çözgüdiniň has-da zerurdygyny ýüze çykarýar. Habarnama täze maglumatlara we gözleglere esaslanyp, mugallymlary işe almagy, saklamagy we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin täsirli usullaryň we oňat tejribäniň mysallaryny berýär. Şeýle-de, habarnama netijeli bilimiň we durmuşyň bütin dowamynda öwrenmeklige dowam etmekligiň, bu işleri ýola goýmak üçin mugallymlar toparynyň goldanylmagynyň möhümdigini öňe sürýär. Bu işiň möhümligine ýaňy-ýakynda, dünýä belli "Forbes" žurnaly hem öz sahypalarynda ýer berdi.

Tutuş dünýäde 2030-njy ýyla çenli pedagogiki işgärleriň ýetmezçiliginiň esasy sebäpleri hökmünde, döwletleriň ykdysady ýagdaýlary, COVID-19 pandemiýasynyň täsiri we emeli aňyň, sanly tehnologiki ulgamlaryň deslapky täzeçil ösüşi görkezilýär. Berlen hasabata laýyklykda, garaşylýan senä çenli, dünýäniň bilim ulgamynda 44 milliondan gowrak mugallyma zerurlyk duýulýandygy anyklanyldy.  

Bu barada has takyk maglumatlary ÝUNESKO-nyň resmi web saýtyndan gyzyklanyp bilersiňiz.

Çeşme: Global report on teachers: addressing teacher shortages and transforming the profession

 

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
 Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby