Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bilim ulgamy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Ýaşyl» ykdysadyýet — sazlaşykly ösüş ✦ ✦ “Işe girmegiň ýollary” atly 3 aýlyk tölegsiz okuw – iş tapmaga täze mümkinçilik ✦ ✦ «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edildi! ✦ ✦ Hakyda siňen halypa ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar ✦ ✦ Bedewler - türkmen halkynyň mertebesi ✦ ✦ Geçirilen okuw-usuly maslahatda tebigy we taryhy medeni ýadygärlikleri VR – AR görnüşine geçirmek işi tanyşdyryldy ✦ ✦ Astrahanda Magtymguly Pyragynyň muzeýi açyldy ✦ ✦ Gözlegçiler bakteriýalary 120 nanometr giňişlikde görmegi başardylar ✦
Baş sahypa / Sport /Ýörelgämiz sagdyn durmuş, bu göreldä ygrarly biz!
  31.03.2023
511
Ýörelgämiz sagdyn durmuş, bu göreldä ygrarly biz!

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda mähriban halkymyzyň sagdyn durmuş medeniýetini täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp ösdürmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek bilen baglanyşykly uly işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, beden we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmäge hem-de daşky gurşawyň arassalygyny saklamaga gönükdirilen yzygiderli işler geçirilýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşiň innowasion ýoluny, dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny ugur edinmegi we bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleriniň taýýarlanylmagy Hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamynda ýöredýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni wagyz etmek, döwrebap saglyk düzümini döretmek şol syýasatyň möhüm ugry bolup, munuň özi ynsan saglygyny iň uly baýlyk hasaplaýan jemgyýeti döretmäge gönükdirilendir. Sarpasy Belent Prezidentimiz, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek ugrundaky umumymilli hereketi ösdürmek bilen, halkymyzy, aýratyn hem ýaşlary bu herekete işjeň çekmekde şahsy görelde görkezýär. Berkarar döwletimizde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ak şäherimiz Aşgabatda Olimpiýa şäherjiginiň gurulmagy Türkmenistan ýurdumyzyň halkara durmuşyna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde dünýäde sagdyn durmuş kadalarynyň giňden berjaý edilmegi ugrunda yzygiderli çalyşýandygyny görkezip, ýurdumyzyň täze belentliklere we dünýäniň täze-täze gazananlaryna tarap okgunly hereket edýändiginiň beýanydyr. Türkmenistan Watanymyz sagdynlygyň, sportuň we döredijiligiň ýurdy hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda halkara ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi dünýä jemgyýetçiligini halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary, ykdysady kuwwaty, ylmyň, bilimiň, sungatyň ösüşi, sportda gazanylýan netijeler bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda eziz ýurdumyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä Saglyk güni hem giňden bellenilýär. Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar, bu bolsa aýratyn hem ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydyklaryny ýene bir gezek aýdyň görkezýär. Bu günde seýilgählerde, döwrebap şaýollarda we sport mekdeplerinde, köpugurly sport toplumlarynda müňlerçe adamlar irki maşklary ýerine ýetirýärler, joşgunly aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlanýar. Saglyk ýoluna ýöriş gurnalyp, sportuň dürli görnüşleri boýunça täsirli hem çekeleşikli ýaryşlar geçirilýär. Bularyň ählisi bolsa, ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä Saglyk gününiň dabarasyny has-da artdyrýar. Şahyryň şygyr setirlerinde hem belenilişi ýaly: 

Türkmenistan – sport ýurdy, ýeňişleriň mekanydyr,
Döşi bezän ýaryşlaryň altyn, kümüş medallydyr,
Ýörelgämiz sagdyn durmuş, çyn göreldä ygrarly biz.
Dünýäň belent münberinde parlaýar ýaşyl Tugumyz,
Ýaşlar size alkyş aýdýar Arkadagly Serdarymyz!
 

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek we ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek babatda alyp barýan asylly işleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza biz ýaşlaryň tüýs ýürekden çykýan alkyşlary egsilmezdir! Goý, biz nesillere nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli tutýan belent tutumlary üstünliklere beslensin! 

 

Tylla HALMURADOWA,

Türkmen Döwlet bedenterbiýe we 
sport institutynyň Bedenterbiýe 
fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.