Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýollarymyzyň abadanlygy — ömrümiziň rahatlygy
  19.09.2024
153
Ýollarymyzyň abadanlygy — ömrümiziň rahatlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy"ýylynda ýurdumyzda her ýylda däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen geçirilýän biraýlyk çäre halkymyzyň saglygyny goramakda, olaryň abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

 

Bedew bady bilen öňe barýan ýurdymyzyň ähli künjeklerinde dürli maksatly dünýä ülňülerine gabat gelýän döwrebap binalardyr ýollar gurlup ulanmaga berilýär. Günsaýyn täze ösüşlere barýan ýurdumyzda ulaglaryň sany barha artýar. Şonuň üçin, hem ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişiniň gözegçilikde saklanmagy zerur bolup durýar. Şeýle-de  ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi ugrunda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde möhüm işler amala aşyrylýar. Dünýäde tehnikanyň ösmegi, awtoulaglarynyň sanynyň köpelmegi sürüjilerden we pyýada adamlardan köçe ýol hereketiniň düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegini talap edýär.

 

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy ‒ ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýol heläkçiligini azaltmak we hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, goşmaça çäreleri durmuşa geçirmek üçin her ýyl geçirilýär.Ýurdumyzyň hemme ýerinde döwrebap ýollaryň, ýerasty we köpri kysymly pyýada geçelgeleriniň gurluşygy alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde ulaglaryň tizligine gözegçilik etmek üçin, duýduryş belgileri, ýol çyralary we wideoýazgy enjamlary oturdylýar. Şu döredilip berilýän mümkinçiliklerden doly we dogry peýdalanyp hem özümiziň we daş-töweregimizdäki ulaglar bilen  abadan ýollarymyzyň rahatlygyny gazanmaga çalyşalyň!

 

Nurmuhammet ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
IV ýyl talyby.