logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Ýol yşygynyň reňkleri barada
  26.11.2022
1314
Ýol yşygynyň reňkleri barada

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda jemgyýetçilik durmuşynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmakda we sazlamakda ýol yşyklary esasy roly oýnaýar. Ilkibaşda ýol yşyklar ýüze çykyp başlanda, ol demir ýollardaky otlynyň gözegçiligi üçin niýetlenip ulanylypdyr. Şol wagtlar gyzyl reňk «dur» diýmegi aňladypdyr. 1830-njy ýylda demir ýollar gündelik durmuşymyza giňden aralaşmagy bilen, ýaşyl reňk «duýduryşy», ak reňk bolsa «geç» diýmekligi aňladypdyr. Wagtyň geçmegi bilen ak reňk dürli kynçylyklary, meseleleri ýüze çykaryp başlapdyr. Ak reňki ýoluň beýleki yşyklary bilen garyşdy­rypdyrlar we netijede bu ýagdaý köpsanly he­läkçilige sebäp bolupdyr. Şeýlelikde, demir ýolçular gyzyl reňki «dur», sary reňki «duýduryş», ýaşyl reňki bolsa «geç» yşaratlary hökmünde kabul edip, ulanmaga başlapdyrlar.

Öňki wagtda diňe atlaryň we at arabalarynyň ýöremegine garamazdan, gara ýollarda hem ýol hereketiniň ýagdaýlary bilen bagly hadysalar bir­näçe meseleleri orta atypdyr. Ilkinji ýol yşyklar awtoulaglaryň ýüze çykmazyndan birnäçe ýyl ozal, ýagny 1868-nji ýylda Angliýanyň paýtagty London şäherinde ulanylypdyr. Şol wagt ýol yşyklary tebigy gazyň kömegi bilen yşyklandyrylan bolsa, bir ýyldan soň bu ýagdaýyň dürli hili partlamalary ýüze çykaryp, töwerege zyýan ýetirendigi sebäpli, tebigy gaz bilen işleýän ýol yşyklaryny aradan aýrypdyrlar. Soňra  ýol yşyklaryň demir ýollardaky ulanylyş usulyny gara ýollarda hem peýdalanyp başlapdyrlar.

Häzirki wagtda ulanylýan ýol yşyklar bolsa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň raýaty bolan Garrett Morgan tarapyndan döredilip, soňra kämilleşdirilipdir. 1914-nji ýylda ýol yşyklary boýunça ilkinji barlaglaryna başlan Morgan 1923-nji ýylda öz işine patent alýar we ol 1963-nji ýylda patentini «General Electric» kompaniýasyna satýar. Morganyň kämilleşdiren ýol yşygynda gyzyl we ýaşyl reňkler bolup, «duýduryş» yşaratyny aňladýan sary reňk bolsa birnäçe ýyldan soň goşulýar we tutuş dünýä ýüzüne ýaýraýar.

 

Şemşat ŞYHMUHAMMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.