Häzirki wagtda tehnikanyň we tehnologiýanyň ösmegi jemgyýetçilik durmuşuna öz täsirini ýetirdi we düýpgöter üýtgetdi. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň parastly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän başlangyçlar esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti barha ösýär.
Sanly ulgama geçmek hem-de döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen alnyp barylýan giň gerimli işler raýatlarymyzyň durmuş, hal-ýagdaýyny ýeňilleşdirmekde oňyn netijeleri berýär. Raýatlaryň howpsuzlugyny üpjün etmek babatda alnyp barylýan işleriň netijesinde ýollarda düzgün bozmalaryň öňüni almakda degişli çäreler görülýär.
Ýurdumyzda raýatlaryň köp böleginde şahsy awtomobiller bar. Şu nukdaýnazarda her zadyň iki tarapynyň bolşy ýaly, ýollarda awtomobiliň artyşy bilen onuň jogapkärçiligi ýagny, raýatlaryň howpsuzlugyny üpjün etmeklige bolan üns hem ýene-de artýar. Asuda durmuşymyzyň gadryny bilmek, özümiz we beýleki raýatlaryň howpsuzlygyny goramaklyk üçin ýol hereketiniň düzgün-kadalaryny doly we dogry berjaý etmelidiris. Bu bilen özümiziň we beýleki raýatlaryň durmuşynyň goraglylygyny üpjün ederis. Munuň üçin ýollarda hereketlenenlerinde ýol hereketiniň düzgünlerini sürüjileriň hem-de pyýadalaryň dogry berjaý etmeklikleri zerur bolup durýar.
Asuda asmanyň astynda parahat ýurtda ýaşaýanymyz biziň üçin uly bagt, ony goramaklyk hem biziň borjumyzdyr. Şonuň üçin ählimiz birek-biregi özümizi we özgeleri goralyň!
Aziza HUDAÝNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.