logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy
  28.09.2026
140
Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek her bir raýatyň gündelik borjudyr. Sebäbi häzirki wagtda çalt ösýän durmuşy awtoulagsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şol ulaglaryň bökdençsiz we rahat hereket etmegi bolsa gös-göni ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek bilen bagly bolup durýar.

 

 Sürüji tizligi kadaly saklamaly, kemer dakynmaly we ulag sürüp barýarka el telefonyndan peýdalanmaly däl. Şeýle ýönekeý ýaly görünýän düzgünler müňlerçe adamyň ömrüni halas edip bilýär. Edil şonuň ýaly-da, pyýadalar hem geçelgelerden dogry peýdalanyp, howpsuzlyk hereketlerine eýermelidirler.

 

Ýol gözegçiliginiň işgärleri köçelerde tertip-düzgüni üpjün edýärler. Olaryň çekýän zähmetine hormat goýmak we ýol hereketiniň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmek öz ömrümize, ýakynlarymyza we jemgyýetimize bolan hormatyň nyşanydyr. Tertip we özara hormat bar ýerinde ömrümiziň parahatlygy we rahatlygy berk binýada eýe bolýar.

 

Aýlar BATYROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.