Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda CIET-2025 forumy geçiriler ✦ ✦ Ženewada bitaraplyk meselelerine bagyşlanan halkara forum geçirildi ✦ ✦ BMG-niň Baş Assambleýasy «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamany kabul etdi ✦ ✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy
  15.12.2020
1351
Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy

     Ýollaryň dünýä ölçeglerine laýyk edilip gurulmagy we enjamlaşdyrylmagy, onuň çäklerinde ýollaryň inženerçilik ulgamlarynyň täzeçe ornaşdyrylmagy häzirki ösen döwrüň talaby bolup durýar.  Köçe hereketi  diňe bir  awtoulag serişdeleriniň talaba laýyk hereketini  talap etmän, eýsem pyýada  ýolagçylara hem  doly derejede  degişlidir. Pyýadalaryň  köçäni kesip geçenlerinde ýörite bellenen  ýerlerden  ýöremegi, olar üçin ýerasty geçelgeleriň gurulmagy elbetde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün edýär. Bu  bolsa sürüjileriň hem-de pyýadalaryň jebislikde ýol hereketiniň talaplaryny berjaý etmekleriniň  esasy bolup durýar. Eziz diýarymyzda «2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk pudagyny» ösdürmegiň maksatnamasynyň» çäklerinde ulag ulgamyny halkara ülňülerine laýyk getirmek babatynda ägirt uly işler amala aşyryldy. Diýarymyzyň aýna ýaly tekiz ýollarynda asudalygyň we howpsuzlygyň höküm  sürmegi ilkinji nobatda sürüjileriň we herekete gatnaşyjylaryň taýýarlygyna bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem bu netijeleri gazanmakda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Büzmeýin etrap, sürüji hünärmenleri taýýarlaýan harby mekdebiniň Ak bugdaý etrap şahamçasyna hem uly orun degişlidir. Ýol-hereketine ýaşlaryň, doly düşünmegi üçin mekdebimiziň agzybir mugallymlarynyň alyp barýan wagyz-nesihat çäreleri öz  täsirini  ýetirýär. Mekdeplerde, çagalar baglarynda  «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda pyýada, sürüji, tirkeg, ulag, ýol, ýolagçy, ýol hereketi, ýol hereketine gatnaşyjy, ýol hereketiniň guralyşy, ýol-ulag hadysasy, ýol hereketiniň howpsuzlygy, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly gyzykly çäreler geçirilýär we bäsleşikler  guralýar. Köçe  hereketiniň kadalarynyň  öwredilmegi  pyýada  ýolagçylaryň  köçä  çykanlarynda  olaryň herektleriniň awtoulaglaryň hereketi bilen sazlaşykly bolmagyna ýardam edýär.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Büzmeýin etrap, sürüji hünärmenleri taýýarlaýan harby mekdebiniň Ak bugdaý etrap şahamçasynyň taýýarlaýan sürüjilerine tejribeli mugallymlar tarapyndan ilkinji nobatda ýollarda herekete gatnaşyjylaryň, pyýadalaryň howpsuzlygyny berjaý etmek babatynda okuw sapaklary yzygider geçirilýär.

Şeýlelikde  her bir  alnyp barylýan işleriň  adamzat gymmatlyklarynyň  esasynda  ýerine  ýetirilmegi halkyň  abadan, parahat  bol-elin  ýaşaýşyna  gönükdirilýän işleriň  täze  derejelere  ýetirýändiginiň  mysaly bolýar.