Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda „Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrimiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäginde Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 42-nji orta mekdebinde mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ýurduň parahatlygy” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän biraýlygyň aýratyn hem mekdep okuwçylarynyň howsuzlygyny gazanmak maksady bilen geçirilýändigini belläp geçdiler. Çaganyň howpsuz bolmagyny üpjün etmek üçin oňaýly şertler döredilmeli we ata-ene tarapyndan olara gözegçilik edilmeli. Çagalaryň degişli bilim edaralaryna howpsuz gidip-gelmekleri, köçe we ýol hadysalaryna uçramazlyklary üçin polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugynyň işgärleri we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan degişli işler yzygiderli alnyp barylýar. Ýöne, çaganyň awtoulag hereketi kadaly dowam edip duran köçelerde howpsuz gatnaşmagy üçin onuň pyýada ýolagçylar üçin ýol hereketiniň kadalaryny dogry bilmegi zerurdyr. Bu işde bolsa mekdep mugallymlarynyň we maşgalanyň uly orny bardyr diýip gyzykly gürrüňler bilen çykyş etdiler.
Şeýle hem çykyş edenler maslahatyň ahyrynda ýaş nesillerimiziň asuda, parahat durmuşda ýaşamaklary üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janynyň sag, işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Myrat Çaryýew,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Tejen etrap Geňeşiniň başlygy.