logo

Latest news:
✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» atly bäsleşigiň netijeleri yglan edildi! ✦ ✦ «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly elektron görnüşdäki ylmy žurnal dörediler ✦ ✦ Paýtagtymyzda «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal geçiriler ✦ ✦ Köpöwüşginli medeni forum üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösüş ýolunda ✦
Home / Interesting /Ýol görkeziji belgiler
  19.04.2023
2450
Ýol görkeziji belgiler

Ilkinji ýol görkeziji belgiler 1900-nji ýylda Parižiň (Fransiýa) köçelerinde peýda bolýar. Olar gök ýa-da gara reňkli dörtburçluk bolup, onuň ýüzünde «Demir ýol geçelgesi», «Howply öwrüm» we «Göni däl köçe» diýen nyşanlar çekilgi eken.

1909-njy ýylda Fransiýanyň paýtagtynda «Awtomobil ulaglarynyň hereketleri hakynda halkara konwensiýa» taýýarlanylýar hem-de ol ýerde awtomobil ulaglarynyň hereketlerine bagyşlanan ýörite konferensiýa geçýär. Konferensiýada dört sany nyşan, ýagny, «Ýol göni däl», «Egrem-bugram ýol», «Demir ýol bilen kesişýän ýol» ýaly belgiler halkara belgileri hökmünde kabul edilýär. Belgileri howply ýerlerde 250 metr öňünden goýmak barada görkezme girizilýär.

1926-njy ýylda 4 sany belginiň üstüne ýene-de 2-si goşulýar. Olar «Goralmaýan demir ýol geçelgesi», «Durmak hökman» belgileridir. 1931-nji ýylda bolsa, olaryň sany 26-a ýetýär. Şonda olar duýduryjylar, buýruk berijiler we görkezijiler diýen ýaly üç topara bölünýär. Käbir ýurtlarda diňe özlerine degişli ýol belgileri goýulýar, ýöne şol belgileriň ähli sürüjilere düşnükli bolmalydygyny unudylmaýar. Meselem, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda belgileriň aşagynda ýazgylar ýazylýar, Awstraliýada ýollaryň ugrunda krokodilleriň suraty çekilgi duran belgi, Şwesiýada bolsa sugunlaryň şekili çekilgi bolsa şol ýol böleklerinde nämeden ägä bolmalydygyny görkezýär. Russiýa Federasiýasynyň Kronştadt şäherinde bolsa, ýol belgileri asla ýokdur. 

 

Suhrab RAMAZANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.