Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen diliniň arassalygyny saklamak her bir dili göteriji adam üçin wajypdyr ✦ ✦ Dil – halkyň ruhy keşbiniň aýnasydyr ✦ ✦ Türkmen bedewi milli buýsanjymyzyň nyşany ✦ ✦ Türkmen diliniň sözlük düzümini baýlaşdyrmak ✦ ✦ TDEI-de täze ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Edebiýat durmuşyň çeper hakykatydyr ✦ ✦ Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Halkara Žautykow olimpiadasynda üstünlik gazandy ✦ ✦ Türkmenistanyň energetika ulgamy: durnukly ösüşiň binýady ✦ ✦ Ahal welaýatynda çagalaryň gatnaşmagynda sport çäresi geçirildi ✦ ✦ Türkmen we ermeni kärhanalarynyň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýokanç keseller hassahanasy ulanylmaga berildi
  19.11.2020
1054
Ýokanç keseller hassahanasy ulanylmaga berildi

    Ýakynda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm desgalarynyň üstüni ýetiren bu hassahana golaýlap gelýän baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ildeşlerimize ajaýyp toý sowgady boldy.

Täze hassahananyň açylyş dabarasy aýdym-sazly çykyşlara utgaşyp, özboluşly toý ruhuny emele getirdi. Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasy üç gatdan ybarat bolup, onuň gurluşygy “Nusaý ýollary” hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Hassahanada ýöriteleşdirilen bölümler we otaglar bolup, olarda saglygy goraýyş işgärleriniň ýokary amatlyklarda işlemegine we raýatlara dünýä ölçeglerine laýyklykda ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermegine ähli şertlerdir mümkinçilikler göz öňüne tutulandyr.

Hassahanada  kabul ediş bölümi, barlaghana bölümi, funksional-anyklaýyş bölümi, operasiýa geçirilýän, reanimasiýa we dogrum bölümi, fizioterapiýa bölümi, dispanser gözegçilik bölümi, wirusly gipatiti bölümi, ýokary dem alyş ýollarynyň infeksiýa keselleri bölümi, içege ýokanç keseller bölümi, aýratyn howply, howa we damja arkaly geçýän ýokanç keseller bölümi, hojalyk hasaplaşyk bölümi ýaly bölümler ýerleşýär. Täze bejeriş merkezinde — döwrebap hassahanada rengen otagy, UZI otagy, fibroskan otagy, EKG otagy, gastro we kolonoskopiýa otagy hem bar. Täze hassahanada Germaniýa, Şwesiýa, Italiýa, Fransiýa, Ýaponiýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Hytaý Halk Respiblikasy, Günorta Koreýa, Niderlandlar, Çehiýa, Beýik Britaniýa ýaly döwletleriň   häzirki zaman öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylypdyr.