logo

Latest news:
✦ Emeli aňda täze döwür: OpenAI AGI ýolunda öňe gitýär ✦ ✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦
Home / Interesting /Ynsany ynam ýaşadýar
  28.10.2022
1279
Ynsany ynam ýaşadýar

Biz gündelik durmuşymyzda dürli häsiýetli, biri-birinden tapawutly ençeme adamlar bilen aragatnaşyk saklaýarys, her dürli adamlara gabat gelýäris. Daş-töweregimizi gurşap alýan dünýämiz biziň ynanýan, söýýän, hormat goýup ezizleýän adamlarymyz hem zatlarymyz bilen has-da gözel görünýär, has-da owadanlaşýar. Ynsan mydama öz begenjini, gam-gussasyny özüne şeýle ýakyn saýýan adamlary bilen deň paýlaşýar. Islendik ynsan şeýle adamlaryň ýanynda bolsa, özüni mydama arkaýyn duýýar. Adam haçan-da garşysyndaky ynsana ynam bildirse, onuň bilen dostluga, ýakynlyga ymtylýar. Hakyky dostluk hemişe adamlaryň biri-birine bolan ynamy netijesinde binýat bolýar. Eger ynam bolmasa, ol hakyky ýa-da müdimilik däldir.

Maşgalada ata-ene bilen çaganyň, iş durmuşynda ýolbaşçy bilen işgäriň, arasynda ynam bolmasa, ol ýerde agzybirlik, öňegidişlik höküm sürmeýär. Maşgala bu kiçijik döwlet bolup, onda ynam diýlen närse hökman bolmaly. Birek-birege bolan berk ynamy özünde jemleýän şeýle maşgalada hemişe arzuwlar wysal bolup, maşgalany üýtgeşik mähir gurşap alýar. Netijede jemgyýetde sagdyn ruhly, sagdyn dünýägaraýyşly, sagdyn pikirli ynsanlar kemala gelýär. 

Aslynda ynamy nähili gazanmaly? 

Eger, adamda töweregindäkilere ýagşylyk, sözüne ygrarlylyk, pespällik, wepalylyk, dogruçyllyk, sabyrlylyk ýaly oňat häsiýetler jemlenen bolsa, onda ol ynsan ynam duýgusyna baýdyr. Ynamdar bolmagyň esasy şerti hem adamlar bilen erkin gürrüňdeş bolmagy, derdiňi paýlaşyp bilmegi başarmakdyr. Içki pikirlerimizi paýlaşmaklyk birek-birege bolan ynamy has-da güýçlendirýär. Bir adamyň başga birine bil baglamagy, oňa ynam etmegi belli bir derejede wagty hem talap edýär. Wagt ähli derdiň dermany. Wagt ynamy kemala getirýär, ony berkidýär. Birek-birege bolan ynamyň güýçlenmegi bolsa, ýakyn hem ebedi gatnaşyklara giň ýol açyp, ynsany agzybirlige we birek-birege ynanyşmaga çagyrýar. Alçaklyk, göwnaçyklyk, pespällik durmuşda ähli ýerde zerur häsiýetler bolup, olar ynam uçgunlarynyň emele gelmegine esas bolýar. Bu bolsa belent adamkärçilikden nyşandyr.

Birek-birege bolan ynamy berkitmek, dünýämizi ýagşylyklara beslemek, hemişe agzybirlikde, dostanalykda ýaşamak bagtly durmuşymyzyň ýaraşygydyr. Çünki ynsany ynam ýaşadýandyr! 

 

Maral HYDYROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.