Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ahal welaýatynda täze suw arassalaýjy desgalar açyldy ✦ ✦ Telemedisina sanly tehnologiýa arkaly hyzmat bermek ✦ ✦ Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar ✦ ✦ Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikeri - tebigatyň şypaly hazynasy ✦ ✦ Günde näçe ädim saglyk üçin peýdaly ✦ ✦ Hajy Bekdaş Weli — şahyrlar piri ✦ ✦ «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsüminiň III oýny geçirildi ✦ ✦ Zehin bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Ykdysady ösüş jemgyýetiň durnukly geljegi ✦ ✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ynsan kalbynyň nury kitap
  09.12.2024
93
Ynsan kalbynyň nury kitap

Türkmen halkynyň kitap bilen dostlugy onuň taryhy deýin gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Biziň halkymyz kitaba aýratyn hormat goýýar. Kitaba onuň aly hezretleri, akyl çeşmesi, bilimiň gözbaşy diýip ýüzlenýär. Dünýade şeýle bir dost bar, ol seniň ýoluňa şamçyrag, güýjüňe kuwwat, özüňe ynam we syryňy elmydama özünde saklaýar. Şeýle dost onuň Aly hezretleri – Kitapdyr. Türkmen halky ähli döwürlerde ylmy ösdürmegiň tarapdary bolupdyr. X asyryň ahyrynda  XI asyryň başlarynda Gürgenjiň Mamun akademiýasy we şol ýerde işlän alymlar edebiýat, sopuçylyk boýunça ylymda ýetilen belent sepgitler, Marynyň orta asyrlardaky baý gorly kitaphanalary muňa aýdyň mysaldyr.Gündogaryň Ibn Sina, Muhammet Faraby, Ahmet as-Sarahsy, Al – Biruny, Fahreddin, Razy, Mahmyt Zamahşary, al-Horezmi ýaly alymlar dünýä ylmyna astronomiýada, geometriýada, matematikada, lukmançylykda, filosofiýada  goşan goşantlary ulydyr.

 

Gahryman Arkadagymyz  “Türkmenlerde “Ylymly il ozar, ylymsyz, il tozar”, “Bilegi güýçli birini ýykar, bilimi güýçli müňini” diýen pahim parasatlar ýöne ýere döremandir. Bu sözleriň aňyrsynda halkyň ykbaly ýatyr.” -diýip halkymyzyň taryhyna ýüzlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-medeni mirasy  ýaşlar üçin esasy ylmy goldanma bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaby iki uly göwrümli bapdan I baby “Taryha syýahat”, II baby “Ruhy miras”  ýaly baplardan ybaratdyr. Taryha syýahat bölümde şöhratly taryhymyz hakynda çuňňur söhbet açylýar. Irki ekerançylyk merkezleri bolan Änew medeniýeti, gadymy Nusay, beýik Seljuklar döwri, Horezmşalar döwri barada aýdyň maglumatlar berilýär.  Gahryman Arkadagymyz kitapda şeýle “Alymlaryň ýüze çykaran arheologik tapyndylaryna görä, bu gadymy ýurduň ýaşaýjylary ýaşaýyş mesgenleriniň töwereginde bugdaýyň, arpanyň, darynyň, merjimegiň, nohudyň we beýleki däneli ösümlikleriň bol hasylyny alypdyrlar, baglarda bolsa alma, armyt, alça, ülje we beýleki miweli agaçlar ösdürilip ýetişdirilipdir. Bu toprak üzümleri we iri gawunlary bilen şöhratlanypdyr. Ösgün we ter otlaryň giň çemenlikleri öý haýwanlary üçin ekilipdir. Olaryň sürüleri, esasan, geçi, goýun, sygyr ýaly öý mallaryndan düzülipdir.”  belleýär. Bu kitap taryhy söýmegiň, watanyň ýer daban ýerini sarpalamgyň, zähmetiň ynsan zehinini açmak esasy ähmiýetli guraldygy barada sada dilde, düşnükli mysallar getirilip, ýaşalar Gahryman Arkadagymyz öz şahsy göreldesini görkezýär.

 

Halkymyzyň ekerançylyk bilen meşgullanma topraga hormat, goýamagy hem şol döwrüň durmuş zerurlygy hem-de halkymyzyň zähmetsöýer ýer bilen bagrybadaşandygyny görkezýär.  Watanymyzyň gözel tebigaty we ümmülmez sähralary, deňiz-derýalary, ajaýyp tebigy ýadygarlikleri bar. Bu kitapda watanymyzyň tebigaty barada ýurdumyza gelen syýahatçylaryň, alymlaryň aýdan sözleri we Gahryman Arkadagymyzyň öz nurana pikirleri bilen baýlaşyp watany söýmegiň beýik göreldesini ýaşlara ündeýär. Kitap gymmatly maglumatlara örän baý. Gahryman Arkadagymyz

 

Şol döwrüň küýzegärleriniň ýasan keramiki gaplarynyň ýüzi nepis nagyşlar bilen bezelipdir. Ol nagyşlar häzirki zaman türkmen halylarynyň nagyşlaryna kybapdaşdyr. Gadymy Änew medeniýeti dünýä ýaň salan medeniýetdir.

 

Alymlaryň ýüze çykaran arheologik tapyndylaryna görä, bu gadymy ýurduň ýaşaýjylary ýaşaýyş mesgenleriniň töwereginde bugdaýyň, arpanyň, darynyň, merjimegiň, nohudyň we beýleki däneli ösümlikleriň bol hasylyny alypdyrlar, baglarda bolsa alma, armyt, alça, ülje we beýleki miweli agaçlar ösdürilip ýetişdirilipdir. Bu toprak üzümleri we iri gawunlary bilen şöhratlanypdyr. Ösgün we ter otlaryň giň çemenlikleri öý haýwanlary üçin ekilipdir. Olaryň sürüleri, esasan, geçi, goýun, sygyr ýaly öý mallaryndan düzülipdir.  Arheologlar tarapyndan    

    

Gadymy Marguş döwletiniň ýadygärliklerinden tapylan sungat eserleri biziň halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak baýlyklarydyr, olar şu günki gün muzeýlerimizde halk köpçüligine görkezilýär. 

 

Arheologik tapyndylaryň mysalynda, esasan, düýe malyna nähili ýokary ünsüň berlendigini gadymy nakgaşyň onuň keşbini aýratyn yhlas bilen şekillendirendiginde görüp bilýäris. Olar şol döwrüň tebigy şertlerine görä ýetişdirilen baktriýa düýeleri bolup, türkmen topragynda köpeldilipdir hem-de uzak we ýakyn aralyklara gatnamakda, ýük daşamakda esasy ulag hökmünde ulanylypdyr.                                                 

   

Şol gadymy eýýamda ýörite taýýarlanylan binagärlik taslamalary boýunça ähli hasaplamalar çykarylyp, laýdan ýasalan ülňülere laýyklykda gurlan ilkinji monumental gurluşlar peýda bolýar. Olara salgylanyp, «hut şol döwürde geljekki taryhy eýýamlaryň binagärlik sungatyna güýçli täsirini ýetiren özboluşly arhitektura sungaty döräpdir» diýen netijäni çykarmak bolar. 

 

Maýa Halykberdiýewa,
rkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.