Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ata ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň bilim almagyna, ylma teşne kalbyndaky arzuwlaryny amal etmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Döwletimizde okgunly ösüşleriň gazanylmagynda ylym-bilim özgertmeleriniň täsiri has hem uludyr. Ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir. Häzirki wagtda bilimi kämilleşdirmegiň netijeli ýollarynyň biri-de sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artmagy ilkinji nobatda ýurduň bilim ulgamynyň binýadynyň berk bolmagyna, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, ösen düşünjeli, ruhubelent şahsyýetler bolup kemala gelmeklerine bagly bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşi ylmyň soňky gazananlarynyň, kämil tehnologiýalaryň doly ornaşdyrylyşyna we akylly enjamlary dolandyrmakdan ezberlik bilen baş çykarýan dörediji ýaşlara baglydyr. Döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan maksatnamalaýyn işlere laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarynda, ylmy-tehnologik hem-de ylmy-taslama merkezlerinde dürli ugurlar boýunça döwrebap ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň zehinli ýaşlary dürli ugurlarda netijeli işleri alyp barmaklykda işjeň gatnaşýarlar. Ylmy döwlet tarapyndan goldamak işinde geljegi uly barlaglary, tejribe-synag hem-de tehnologik işläp taýýarlamalary maliýe taýdan goldamak ýola goýulýar. Türkmen ylmyny ösdürmegiň maksatnamalaýyn wezipeleriniň çäklerinde IT-tehnologiýalara esaslanan sanly bilim ulgamyny kemala getirmäge, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ylmy ösdürmäge mümkinçilik berýär. Ata Watanymyzyň at-abraýyny belende götermekde mynasyp goşant goşýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan möhüm ugry hökmünde kesgitlenendir. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlaryň döwlet tarapyndan ygtybarly goraglylygynyň üpjün edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu bolsa üstünlikler bilen kuwwatlanýan döwletimiziň nurana geljegi bolan ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimini giňeltmäge oňaýly ýardam berýär. Bu gün ata Watanymyzyň bagtyýar yhlasly okap, öwrenip, öz hünärlerini kämil ele almakda, dürli pudaklarynda halal hem yhlasly zähmet çekmekde, eziz ýurdumyzyň abraý-mertebesini mundan beýläk-de belende götermekde perzentlik yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Bagtyýar diýarymyzda bu gün Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlary ilkinji nobatda, eziz Watanymyzyň güýç-kuwwaty, geljekki nesilleriň aýdyň geljegi üçin alnyp barylýan belent tagallalarda jemlenendir. Ýaş nesiller ylmyň we tehnikanyň okgunly ösýän, innowasion tehnologiýalaryň eýýamynda mynasyp ýaşap, ýurdumyzyň rowaçly ösüşlerine goşant goşmalydyrlar. Elbetde, şeýle belent hem mukaddes borç her bir türkmen perzendiniň kalbynda ebedi ýaşaýandyr!
Mekan BATYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.