Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ylym tükenmeýän hazynadyr
  11.06.2024
217
Ylym tükenmeýän hazynadyr

Ylym bagta sary barýan ýollaryň çelgisidir, röwşen şuglasydyr. Hut şonuň üçinem bilime, ylma teşne kalbymyzdaky arzuwlarymyzy amala aşyrmak üçin ýurdumyzda ähli şertler bar. Ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady bolup durýar.

 

Döwlet Baştutanymyz: «Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir. Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir» diýip, ýurdumyzda ylmy gözlegleriň binýadyny berkitmegiň hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny, bu babatda ýaşlara uly ynam bildirilýändigini nygtaýar. Ylym her bir şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň barlygy, berkararlygy, bakylygy hem-de dowamaty üçin uly ähmiýete eýedir.

 

Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkezi tarapyndan alnyp barylýan işler ýaş alymlarymyzyň we talyplarymyzyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň geçirilmegi zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda oňyn netijelerini görkezýär.

 

Ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmaga we tejribede synap görmäge ýaşlaryň köpçülikleýin çekilmegi işleri has ilerledýär. Döwlet derejesinde hem-de ondan daşary matematika, himiýa, informatika, dil ugry, tebigy we ynsanperwer ylymlary babatda halkara bäsleşikler geçirilýär. Olara zehinli ýaşlarymyz gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin berk binýadyň döredilendiginiň subudydyr.

 

Dünýägözel HAÝTEKOWA,
TMÝG-niň Darganata etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.