Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ylym-bilim – ösüşleriň açary
  07.05.2024
360
Ylym-bilim – ösüşleriň açary

Häzirki dünýäniň ruhy hem ahlak ösüşinde ylym esasy orunda goýulýar. Ýurdumyzyň ykdysady pudaklaryna nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Şolaryň hasabyna dünýä bazarlarynda islegi artýan harytlar öndürilýär. Hormatly Prezidentimiziň bilim-ylym özgertmeleri bilen örän gysga wagtyň dowamynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň düzümleri ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edildi.

 

Munuň özi ýurdumyzyň senagat taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegine getirdi. Çuňňur ylmy esasda işlenilip düzülen we uzak möhletleri nazara alýan Milli maksatnamalar bilen amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bu gün özüniň oňat netijelerini görkezýär. Dünýäde umumadamzat medeni-ruhy gymmatlyklaryň kemala getirilmegine mynasyp goşant goşýan merdana türkmen halky täze ruhy galkynyş bilen öňe barýar.

 

Türkmenistanyň geljekde halkara gatnaşyklaryny guraýjylar bolup ýaşlaryň ösüp ýetişmekleri nazarda tutulyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bu ugurda zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen ýapon dili, iňlis dili we edebiýaty, howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlary tehniki taýdan ulanmak, hereketli obýektler bilen aragatnaşyk serişdeleri, önümçiligiň we tilsimat proseslerin awtomatizasiýasy, ösümlik ýagyny öndürmek, oba hojalygynyň ykdysadyýeti, oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alyş we audit, bedenterbiýe, gurjak teatrynyň aktýory, halkara ћurnalistikasy ýaly täze hünärler açylyp, bu ugurlardan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ýola goýuldy. Şol başlangyçlar bilen bu gün milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligi görnetin gowulandy.

 

Nasiba JORAÝEWA,
Çärjew etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň
biologiýa mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň
işjeň agzasy.