Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de belent derejelere ýetirmekde öňde duran wezipeler, il-ýurt bähbitli wajyp işler, gazanylýan üstünlikler bilen geljege has ynamly hem aýgytly gadam urmaga borçly edýär. Munuň özi bolsa ilkinji nobatda, ussat, başarjaň, ýokary taýýarlykly, kämil hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyny ýüze çykarýar.
«Gün bolmasa, nur, kök bolmasa, daragt, ylym we bilim bolmasa, bagtyýarlyk bolmaz». Hormatly Prezidentimiziň bu sözlerinden görnüşi ýaly, ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady bolup durýar.
Ylym-bilim bagta sary barýan ýollaryň çelgisidir, röwşen şuglasydyr. Hut şonuň üçinem bilime, ylma teşne kalbymyzdaky arzuwlarymyzy amala aşyrmak üçin ýurdumyzda ähli şertler bar. Ýaşlarymyzyň aglabasy dünýäniň ösen döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okamak bagtyna eýe bolýarlar. Döwletimizde dünýäni haýrana goýýan ösüşleriň gazanylmagynda ylmy öňegidişlikleriň täsiriniň uludygy ajaýyp hakykatdyr.
Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Ylym we bilim biziň ýolumyzdyr» diýen ýörelgesinden ugur alnyp, milli bilim ulgamynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmaga, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilim işini kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler depginli dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy dünýä tejribelerine hem-de halkara ülňülere laýyklykda tapgyrlaýyn kämilleşdirilýär.
Ylym-bilim öwrenmegiň örän köp zähmeti, tükeniksiz gadyr-gymmaty talap edýän uzak ýolunyň bardygyny bellemek zerurdyr. Gadymdan gelýän şeýle bir rowaýat bar. Bir adam Eflatundan:
— Sen bu ylymlaryň hemmesini edinmäge nädip güýç tapdyň? — diýip sorapdyr.
Onda ol:
— Zeýtun ýagyny çyrada bütin ömrümde içen suwumdan hem köp ýakdym — diýip jogap beripdir.
Bilşiňiz ýaly, bir çynar agajy ýüz ýylda ýetişýär, bir kädiniň ýetişmegi üçin bolsa, 3 aý ýeterlikdir. Ylym hem çynar mysalydyr. Ol uly güýç we gaýrat talap edýär. Bu ýoluň aňsat däldigi, käbir kynçylyklarynyň bardygy öz-özünden düşnükli. Aýdylyşy ýaly, kynçylyklar bolsa ynsany taplaýar, onuň çydamlylygyny we erkliligini ölçeýär.
Aň-paýhasyň, zehiniň, zähmetiň, yhlas-höwesiň zerur bolşy ýaly, bir zady gazanmak üçin mümkinçiligem möhümdir. Her bir ynsanyň geljekki maksatlarynyň, ýaşaýşynyň we durmuşynyň ýagtylandyryjy güýji hasaplanýan ylym-bilimi ýokary derejede almak üçin ýurdumyzda mümkinçilikleriň ähli gapysynyň açykdygyny buýsanç bilen aýtmaly. Ýaşlar babatda döredilýän şeýle giň mümkinçilikler olaryň zehinlerini açmaga we ukyplaryndan ýerlikli peýdalanmaga bolan mümkinçilikdir.
Ylym-bilimi kämilleşdirmegiň netijeli ýoly sanly ulgamyny ornaşdyrmakdyr. Häzirki wagtda durmuşymyzda sanly ulgama geçmek işleri giň gerime eýe boldy. Çagalar heniz ak mekdebiň gapysyndan ätlän ilkinji pursatlaryndan ellerine okuw üçin gerekli bolan programmalar bilen üpjün edilen kompýuterleri sowgat alýarlar. Munuň özi ýaş nesilleriň hem-ä döwrebap tehnologiýalar bilen has içgin tanyşmagyna, hem-de geçýän okuw derslerini has täsirli özleşdirmegine kömek edýär. Muňa sanly ykdysadyýet eýýamyna taýýar, bilimli şahsyýetleri ýetişdirmek üçin ilkinji ädim diýsek, dogry bolar.
Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermek işi sanlaşdyryldy. Şeýle-de, okuw maglumatlarynyň sanly gorunyň yzygiderli täzelenmegi we üstüniň ýetirilmegi ýola goýuldy. Ähli ýokary okuw mekdepleriniň sanly ulgamlaryny bir umumy tora birikdirmek arkaly ýurdumyzyň bilim portalyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler oňyn netijelerini berýär. Bilim ulgamynyň sanly giňişligi döredilende, dünýäniň ösen bilim ulgamlary bilen aralaşdyrmak meselesine aýratyn üns berilmelidir. Okuw kitaplaryny elektron görnüşe geçirmek, ýokary we orta bilim edaralary bilen elektron okuwlaryny ýola goýmak işleri sanly bilim ulgamynyň datly miweleridir.
Ylym-bilimi ösdürmegiň ýene bir ýoly ýaşlarda okamak endigini, kitap medeniýetini döretmekdir. Şeýle endik ynsanyň kämilleşmegine, öz-özüne akyl ýetirmegine, dünýä düşünmegine ýardam edýän iň uly serişdedir. Dürli döwürleri öz içine alýan kitap gorlaryny gorap saklamak, täze röwşe getirmek işleri geljek üçin gymmatly baýlykdyr. Milli genji-hazynamyz, egsilmez baýlygymyz bolan kitaplary aýawly saklamak hemmämiziň borjumyzdyr.
Täze ýokary okuw mekdepleriniň, ylym-bilim edaralarynyň açylmagy, häzirki döwürde zerur bolan hünärleriň sanawynyň giňeldilmegi ykdysadyýetimiziň, medeniýetimiziň, ähli pudaklaryň geljekki hünärmenlerini kämil derejede taýýarlamaga ýardam edýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin berk binýat döredilendir.
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, syýasy berkararlygyny goldamaga, ylym-bilimi, medeniýeti we saglygy goraýşy we beýleki ulgamlary ösdürmäge ýaşlarda uly höwes bar. Ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmaga we tejribede synap görmäge ýaşlaryň köpçülikleýin çekilmegi işleri has ilerledýär. Ýurt derejesinde hem-de ondan daşary matematika, himiýa, informatika, dil ugry, tebigy we gumanitar ylymlary babatda halkara bäsleşikler geçirilýär. Olara zehinli ýaşlarymyz gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin berk binýadyň döredilendiginiň subudydyr.
Her ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan geçirilýän ylmy bäsleşikleriň zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ähmiýeti uludyr. Şeýle bäsleşiklerde ýörite baýraklaryň goýulmagy, Hormat hatlaryň, diplomlaryň berilmegi ýaşlary we talyplary ýeneki üstünliklere ruhlandyrýar. Bu çäreler türkmen ylmyny ösdürmekde, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmekde goldaw-hemaýatdyr. Şeýle ylmy bäsleşiklere ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň ýaş işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň öwreniji-mugallymlary, şeýle hem talyp ýaşlar yzygiderli gatnaşyp gelýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen döredilen Ýaş alymlary goldamak boýunça Gaznasynyň hemaýaty bilen işleriň ilerleýändigini hem bellemeli. Edara-kärhanalarda, ýokary okuw mekdeplerinde ýerine ýetirilýän düýpli, amaly we tejribe — konstruktorçylyk işleriniň goldanylmagy häzirki zaman ylmynyň dünýä giňişligine çykmagyna uly ynam döredýär. Bu babatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we onuň garamagyndaky ylmy-barlag institutlaryň orny aýratyndyr. «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama» laýyklykda, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň teklipnamalarynyň esasynda ýokary bilimli, azyndan bäş ýyl iş tejribesi bolan ýaşlar ylmy-barlag institutlarynyň ýanynda, ylmy edaralarda döredilen aspiranturalara we doktoranturalara kabul edilýär. Şeýle düýpli işleriň netijesinde ýurdumyzda ýaş alymlaryň täze nesli kemala gelýär.
Döwrebap we saldamly işleriň rowaçlanmagynda innowasion tehnologiýalaryň peýdasy köp. Ähli döwlet edaralarynda, kitaphanalara, ylym-bilim, sport, saglygy goraýyş ýaly dürli ulgamlara sanly tehnologiýalaryň düýpli ornaşdyrylmagy işleri çaltlandyrýar. Şularyň netijesinde biziň ýurdumyz häzirki döwürde dünýäniň ösen döwletleriniň «elektron dolandyryş» ýa-da «elektron hökümet» diýen ýaly dolandyryşyň iňňän netijeli ugurlaryna daýanýar.
Türkmen topragy geçen ençeme ýüzýyllyklarda oýlap tapyşlar bilen dünýä taryhyna giren şahsyýetleriň mekanydyr. Bu barada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşlarynyň birinde: «Ata Watanymyz geçmişde ylym adamlarynyň, danalaryň, şahyrlaryň mekany bolupdyr» diýip ýerlikli belläp geçýär. Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler ýaşlarda aýratyn hyjuw we joşgun döredýär. Watana bolan çuňňur söýgi ýürekleri mäkäm baglap, ene topraga bolan sarpany beýgeldýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!».
Gülçemen PARAHADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler mininstrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.