Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Statistika ulgamyndaky täze sepgitler ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦ ✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ylym-bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy
  07.05.2024
279
Ylym-bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir. Täze ideýalar we açyşlar ylmyň ruhy esaslaryny döredýär. Onuň binýady we häsiýeti jemgyýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, ahlak kadalaryny, gözellik ýörelgelerini özünde jemleýär. Ine, şu esaslarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda döwlet syýasaty ýöredilýär.

 

Ylym köpgatlakly we örän çylşyrymly bilimden gözbaşlydyr. Ol bir ýerde durmaýar, hemişe hereketdedir. Ylmyň ösüş ugurlary bilen geljegiň täze giňişliklerine aralaşýarys. Şeýlelikde, jemgyýetiň döredijilik aňynyň bitewileşdirilen ulgamyny döredýäris, ýagny ylym ulgamyny düzýäris. Taryhçylar we jemgyýeti öwreniji alymlar halkyň ähli eýýamlarda gazanan ruhy we medeni baýlyklaryny gymmatlyk ölçeglerde däl-de, mentalitet adalgasy bilen baglanyşdyryp düşündirýärler. Halkyň mentalitetiniň ýokarydygy ylmyň çygrynda sowatlylygyny aňladýar. Adamzadyň bahasyz baýlygy ylymda jemlenendir.

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmegi we onuň gazananlaryny durmuşyň ähli ugurlaryna gönükdirmegi, hususan-da, ykdysadyýeti ösýän kuwwatly döwleti döretmegi baş maksatda goýýar. Ine, şu nukdaýnazardan döwlet Baştutanymyzyň düýpli özgertmeleri bilen milli ykdysadyýetiň täze-täze pudaklary we düzümleri döredilýär.

 

Häzirki dünýäniň ruhy hem ahlak ösüşinde ylym esasy orunda goýulýar. Ýurdumyzyň ykdysady pudaklaryna nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Şolaryň hasabyna dünýä bazarlarynda islegi artýan harytlar öndürilýär.

 

Goý, ylym-bilimiň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli işleri durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Ogulnur NURMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.