Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ylmyň hem lukmançylygyň beýik ussady
  16.03.2024
368
Ylmyň hem lukmançylygyň beýik ussady

Meşhur alym, lukman, öz döwrüniň tanymal pelsepeçisi Abu Aly ibn Sina taryhda görnükli yz goýan beýik şahsyýetdir. Ol lukmançylyk, pelsepe ugurlary boýunça 200 töweregi kitaplary ýazypdyr. Alym öz döwründe günbataryň, orta asyrlaryň ylym-biliminiň esaslandyryjysy, hekimleriň baştutany hökmünde tanalypdyr. Lukmançylyga degişli işi bolan “Tebipçiligiñ kanunlary” atly kitaby Ýewropanyň dürli uniwersitetlerinde XVII asyryň ortalaryna çenli tebipçilik ylmynda okadylyp, onuň döwründen bäri ýedi asyr boýunça salgylanma çeşmesi hökmünde taryha giripdir. Şeýle hem ibn Sina “Sagdynlygyň ylmy” diýen ensiklopedik işiniň “Gysgaldylan Ýewklid“, “Gysgaldylan Almagest”, “Sanlaryň ylmy” we “Sazyň ylmy” diýip atlandyrylan IX-XII tomlaryny matematika ylmyna bagyşlapdyr. Kitaplarda sandan kwadrat kök alnanda netijäniň dogry ýa-da nädogrydygyny derňemek usuly goşmaça beýan edilip görkezilýär. Gollandiýanyň kitaphanasynda saklanýan bu iş alymyň 18 ýaşyna çenli öz döwrüniň matematika ylmyny gowy özleşdirendigini habar berýär. Häzirki wagtda “Sanlaryň nazaryýeti” diýen at bilen öwrenilýän meseleler Ibn Sinanyň ylmy işlerinde beýan edilendir. 

 

Ibn Sina Buhara şäherinde bilim alyp, şol ýerde hem lukmançylyk bilen meşgullanyp başlapdyr. Ylmyň 12-den gowrak ugrundan ýeterlik sowat alyp, uly derejelere ýeten alym 22 ýaşynda Buhara göçüp baryp, Gündogaryň beýik alymlary, danalary bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr. Ibn Sina belli alym Abu Reýhan Biruni bilen hem ýakyn gatnaşykda bolupdyr. 

 

Abu Aly ibn Sina 1002-nji ýylda Buharadan Köneürgenje göçüp gelenden soň ol bu ýerde dünýä meşhur eserlerini döredipdir. “Paýhaslar öýi” adyny alan Mamunyň akademiýasynda okap, bilimini artdyrypdyr, köşk emeldarlarynyň maslahatçysy hem bolupdyr. Ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly eseri XII asyrda latyn diline terjime edilýär. XII asyrda ýaşan Nyzamy Aruzy Samarkandy diýen alym: «Kanun» bilen tanşylandan soň, galan lukmançylyk kitaplaryny okamak artykmaçlyk eder» diýip, onuň ähmiýetine ýokary baha beripdir. 

 

Türkmen jemgyýetinde hem ylym-bilim almak, hünär öwrenmek meselelerine  bolan  talaplar  täze  mazmuna eýe. Çünki häzirki ösen  jemgyýetde hakyky gymmatlyk ynsanyň biliminde, hünär derejesinde jemlenendir. Bu bolsa jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň özenini düzýän  bilimiň  hilini  ýokarlandyrmak, bilim berlişini maksadalaýyk derejede guramak we onuň maddy-emjamlaýyn binýady berkitmek esasy ugurdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda baý taryhymyzy, medeni mirasymyzy öwrenmäge giň ýol açylýar, beýik şahsyýetlerimiziň, şol sanda Lukman Hekim, alym Ibn Sinanyň ylmy işlerini çuňňur öwrenmek babatda  zerur çäreler ýola goýulýar, bu bolsa türkmen ylmyny, lukmançylygyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ýurdumyzy batly menzillere atarmaga, täze üstünliklere beslemäge doly esas döredýär. 

 

Emir ANNAGELDIÝEW,

Türkmen Döwlet maliýe institutynyň II ýyl talyby.